BILIM

Açyk gapylar güni: Türkmen oba hojalyk instituty

Türkmen oba hojalyk institutynyň binasy

Türkmen oba hojalyk instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 26-njy martynda, 16-njy aprelinde we 14-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu günlerde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumatberler.

Olar institut baradaky maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýty arkaly-da tanşyp bilerler.

«Açyk gapylar» güni görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: 800322-9-33-92, 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefon belgileri: 800422-9-89-56, 800422-9-87-71, 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri: 800564-6-38-19, 800564-6-07-84, 800522-6-30-82.

 

Türkmenistanda wodorod önümçiligi üçin mümkinçilik

Ýene-de okaň

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi