DÜNÝÄ

ABŞ-da prezident saýlawlary: 70 million saýlawçy ses berdi

Şu ýylyň 5-nji noýabrynda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlarynda wagtyndan öň ses bermek işine 70 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşdy. Bu barada Florida ştatynyň uniwersitetiniň maglumatlarynda beýan dilýär. 

Hasabata görä, wagtyndan öň ses bermek hukugyndan 70 milliondan gowrak saýlawçy peýdalandy. Olaryň 37.4 milliondan gowragy hut özi saýlaw uçastoklaryna baryp, sesini berdi. 32.6 milliona golaýy bolsa poçta arkaly sesini berdi.

ABŞ-da hasaba alnan saýlawçylaryň sany 168 milliona golaýdyr. Saýlawçylaryň wagtyndan öň ses bermekde birinjiligi Tehas ştaty eýeledi. Bu ştatda 7.9 million, Florida ştatynda 7.3 million we Kaliforniýada 6 million saýlawçy ses berdi.

26-njy oktýabr-3-nji noýabr aralygynda geçirilen wagtyndan öň ses bermek işine ýurduň iň iri şäherlerinden biri bolan Nýu-Ýorkuň saýlawçylary hem işjeň gatnaşdy. Resmi däl maglumatlara görä, şäherde 5,2 million saýlawçy sesini berdi.

ABŞ-da nobatdaky prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler. Prezident saýlawlarynda ozalky Prezidenti Doanld Tramp hem-de Kamala Harris bäsleşýär.

Tramp ýurduň 45-nji Prezidenti bolup, 2017-2021-nji ýyllarda döwlet baştutanlygyny wezipesini alyp bardy. Kamala Harris bolsa, ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine ýerine ýetirdi.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi