DÜNÝÄ

Dünýaniň iň gymmat almazyny satyn aldy

Fransiýanyň “Louis Vuitton” modeller öýi dünýäniň iň gymmat almazyny satyn aldy. 1758 karatlyk we 353 gram agramyndaky almaz Kanadanyň “Lucara Diamond Corp.” dag-magdan kompaniýasy tarapyndan Botswanada çykarylypdy. Almazyň satyn alnan bahasy barada maglumat berilmedi, ýöne onuň “millionlyk” bahasy bardygy aýdylýar.

Kanadanyň kompaniýasy bu almazy geçen ýyl çykarypdy. Ol şu ýüzýyllygyň ikinji uly gymmat bahaly daşydyr. Onuň alyjysy hökmünde “Louis Vuitton” çykyş etdi. Bu 166 ýyllyk fransuz modeller öýi dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Bernar Arno degişlidir. Modeller öýi dünýä belli deri zenan sumkalary we gymmat bahaly daşlary bilen tanalýar.

Bu modeller öýi özüniň 46,8 milliard ýewrolyk girdejisiniň ýarysyndan gowragyny sumka, atyr ýaly harytlaryny satmak bilen gazanýar. Golaýda “Louis Vuitton” modeller öýi “Tiffany & Co” kompaniýasyny 14,7 milliard ýewro satyn almak üçin teklip edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri