Türkmen Dilinde Içgepletmeler

Içgepletmeler türkmen diliniň özboluşly we ünsi çekiji meseleleriniň biridir. Bu mesele türkmen diline degişli bolsa-da, ol öz ýanyna türkmen köňlüni-de çekip bilýär. Iç gepletmede dil bilen köňli biri-birinden aýyrmak gaty kyndyr. Içgepletmeler aslynda her kimde bolup bilýän ýagdaýy ýüze çykarýar.  Ynha, “Älem içre at gezer” diýen romandan alnan bir mysal: “Ol:Ýaş gaýdyşyp ýör öýdýän, ýürekler juda ýukalan bolsa gerekdiýip içini gepletdi”.

Bu mysaldaky ol, eseriň baş gahrymanlarynyň biri Anna agadyr. Biz ondan köp zat öwrenýäris. Geliň, buşluk habaryny eşiden Anna aganyň psiholingwistik aýratynlyklaryny bilelikde öwrenmäge synanyşalyň. Ogul habaryny alan türkmen ýaşulusyny göz öňüne getirip görüň.

Geçiren ylmy gözegçilklerimizin netijesinde, romanda berlen täze habar (buşluk habary), özi bilen birlikde Anna aga birnäçe täzelikleri-de getirendigini öwrenip bilýäris. Munuň üstüne psiholingwistik derňewiň netijesini-de goşsak, onda Anna aganyň buşluk habaryndan onlarça psiholingwistik täsirlenmelere sezewar bolandygyna göz ýetirip bileris. Ynha, şol täsirlenme nusgalary:

1.Tolgunmak

2.Tolgunmagyň sese täsiri, tolgunyp seslenmek

3. Geplände sesi sandyrap çykmak

4. Şatlygyň has artmak, duýgyň batlanyp dyňzamak

5. Şatlygyň, begenjiň dyňzamagy sebäpli damagyň dolmak

6. Damak dolup, göze täsir etmek

7. Damagyň dolmagy netijesinde agyň tutmak

8. Göze ýaş aýlanmak, hamsykmak

9. Az salymlyk sessizlik emele gelmek

10. Içgepletmä ýüz urmak

Bularyň bary şatlykly habaryň, has dogrusy, buşluk habarynyň (“Anna serdar, buşluk, ogluň boldy! Berildigi bolsun!”) Anna aga eden täsiridir.

Ýene üns bermeli we hasaba alynmaly zat şol habaryň aýdylýan wagtydyr (Buşluk habary biziň mysalymyzda ýaňy gün dogar-dogmaz wagty aýdylypdyr). Şol wagtlar bolsa başga wagtlara garanyňda, adamlarda hem fiziki, hem-de ruhy taydan gowşaklygyň bolýandygyny-da ýörite bellemek bolar.

Türkmen dil biliminde geljekde psiholingwistik derňewleriň hem içgin öwrenilmegiň zerurdygyny bellemek bilen bir hatarda, şol ugur bilen baglanyşykly adamyň içgepletmesine-de ünsi çekmekçi bolýarys. Munuň anyk nusgalaryndan birini Anna aganyň mysalynda görüp bilýäris.

 

  • Içimiz hem sözleýiji, hem-de diňleýijidir

 

Belki-de, ol biziň iň ýakyn söhbetdeşimizdir. Belki-de, geňeşdarymyzydyr, biz hemişe ilki onuň bilen geňeşýändiris. Belki-de agyr günlerimizde öňi bilen oňa sala salýandyrys. Bu we bulara meňzeş “belkilerden” halas bolmak üçin geljekde “Türkmen dilinde içgepletmeler” diýen temada ylmy derňewiň geçirilmegini ýerlikli diýip hasaplaýarys.

Içgepletme munuň özi akyl bilen göwnüň geçiren özara geňeşidir. Anna aganyň “içgepletmä” esaslanýan düşünje nusgasyny ýene bir gezek bilelikde göz gezdireliň:

Ol:Ýaş gaýdyşyp ýör öýdýän, ýürekler juda ýukalan bolsa gerekdiýip içini gepletdi”. [Älem içre at gezer. Roman. TDNG, 2011:9].

Anna aganyň pikiriçe, “ýaş gaýdyşyp ýör.” Elbetde, bu ýer ýaş yzyna gaýtmak bilen baglanyşykly hereket edýär. Eger ýaş yzyna gaýdýan bolsa, onda garrylykdan käbir alamatlar ýüze çykmaly. Anna aga muny “ýürek ýukalmak” diýen aňlatma bilen ýüze çykarýar.

Mysaldan görnüşi ýaly, adamyň içini gepletmesi we şonuň netijesinde emele gelen gepleşik geljekde psiholingwistika bilen paýhas dil biliminiň (kognitiwlingwistika) bilelikde deňeşdirip öwrenmeli meseleleriniň biridir.

 

  • Içgepletmedäki üç men

 

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüklerinde “içgepletmä” şeýle düşündiriş berilýär:

Iç gepletmek – biri ýa-da bir zat barada pikir, alada edip, içiňden gürlemek, daşyňa çykarman, öz-özüňden gürlemek”;

Içiňi gepletmek daşyňa çykarman pikirlenmek, öz göwnüňe geňeşmek, öz ýanyňdan oýlanmak”.

Döwrebap paýhas dil bilimi (kognitiwnaýa lingwistika) we paýhas köňül bilimi (psiholingwistika) derňewi esasynda Anna aganyň “içgepletme” nusgasyndan şulary öwrenip bilýäris:

1. IÇGEPLETMEşahsyň öz ýanyndan oýlanmasydyr.

Romandan alnan mysala görä, Anna aga şatlykly habar gaty uly täsir edýär. Şol täsir göwün bilen baglanyşyklydyr. Göwün adamyň içki dünýäsidir. Göwnüň göterilmegi, göwnüň awlanmagy şatlykly täsiri; göwnüň ýykylmagy, göwne degilmegi gynançly täsiri ýüze çykaryp biler. Aşa şatlykly habardan Anna aganyň  damagy dolup, gözi nemlenýär. Bu ýagdaý göwündäki şatlygyň öz çägini aşmagy bilen düşündirilýär. Ylaýta-da, ýaşy gaýdyşan, orta ýaşdan agan, gartaşan adamlarda köp duş gelinýändigi üçin, şol täsiriň netijesinde ýokarda-da belleýşimiz ýaly, “meniň ýaşym gaýdyşyp ýören bolmaly”, “ýüreklerim juda ýukalan bolmaly” diýip, Anna aga öz ýanyndan oýlanýar. Şeýlelikde, Anna aga özüniň damagynyň dolmagynyň, gözüniň nemlenmeginiň sebäbini ýaşynyň gaýdyşmagyndan, ýüreginiň ýukalmagyndan görýär.

 

2. IÇGEPLETMEşahsyň daşyna çykarmaýan pikirlenmesidir.

Anna aga şeýle diýip oý etse-de, ol öz pikrini, ýokardaky garaýyşlaryny daşyna çykarmaýar. Garşysyndaka ýa-da diňleýjä öz pikirini sesli görnüşinde ýaňsytmaýar.

3. IÇGEPLETME şahsyň öz göwnüne geňeşmesidir.

Bolup geçenler barada Anna aga öz göwnüne: “Eý göwnüm, meniň ýaşym gaýdyşyp ýören bolmaly”, “ýüreklerim juda ýukalan bolmaly” diýip, sala salýar.

4. IÇGEPLETMEsözleýjiniňem, diňleýjiniňem roluny ýeke-täk şahsyň oýnamasydyr.

Alnan mysaldan görnüşi ýaly, içki gepleşikde sözleýji-de, diňleýji-de Anna aganyň özüdir.

5. IÇGEPLETMEşahsyň üç sany “men”-i arasyndaky bolup geçen gürrüňidir.

Şol menler, içki “men”, daşky “men”, özara gatnaşykdaky “men”. Içgepletmä doly göz ýetirmek üçin, öňi bilen bu menleri şertli ýagdaýda kodlalyň. Olaryň birinjisini, “göwnüň MENI”, ikinjisini “akylyň MENI” we üçünjisini-de “diliň MENI” diýip kabul edeliň.

Alnan mysalda Anna aganyň göwnündäkini akylyna, akylyndakyny hem diline (diliň sessiz görnüşli beýanyna) geçiren gepleşigidir. Ynha, “içgepletmedäki” üçgen, has dogrusy üç “MEN.” Shematik çyzgysyny şeýle bermek bolar:

DILmeni

 

 

            AKYLmeni                                      GÖWÜNmeni                                                              

 

Içgepletmedäki üç “meniň” gysgaça häsiýetnamalary bilen tanşalyň:

1.Içgepletme bilen baglanyşykly bolan dildäki “men” we onuň häsiyetli aýratynlyklary şulardyr:

a) sözleýşiň sessizligi,

b) düşünjäniň sesli görnüşde daşary ýaňsymazlygy,

ç) sessizligiň dil organlaryna ýetirýän täsiri.

2.Içgepletme bilen baglanyşykly bolan göwündäki “men” we onuň häsiyetli aýratynlyklary şulardyr:

a) düşünjeleriň ýatlamalara öwrülmegi,

b) wakalaryň göz öňüne getirilmegi,

ç) duýgularyň oňyn-tersin ugur boýunça çäkden çykmagy.

3.Içgepletme bilen baglanyşykly bolan akyldaky “men” we onuň häsiyetli aýratynlyklary:

a) pikirlenmede özüçe seljerişe agyrlyk bermegi,

b) düşünjede sala-salyşygyň emele getirilmegi,

ç) pikirlenmede özüçe karar berşiň ýüze çykarylmagy.

Geljekde türkmen dilindäki içgepletmeleriň özboluşly aýratynlyklary doly hasaba alnyp, ylmy esasda öwreniler diýip umyt edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi

«Türkmentel ─ 2024» sergisi we maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar