DÜNÝÄ

Kaktusdan gaýyş ýasadylar

Meksikaly iki ýigidiň oýlap tapyşynyň biziň ýaşaýyşymyzy belli bir derjede özgerdäýmegi hem ahmal. Olaryň pikirine görä, gündelik hajatlar üçin zerur bolan gaýyş materiallaryň ýa-da plassmas enjamlarynyň ornuny başga bir tebigy önüm bilen çalşyp bolar. Eger haýwanlaryň derilerinden taýýarlanýan gaýyşlardyr plastik gaplaryň topraga garylyp, ýok bolup gitmegi üçin onlarça ýyl gerek bolsa, olaryň salgy berilýän usulyny ulanmak diňe biziň üçin däl, tebigat ― ekologiýa üçin hem ähmiýetli bolardy. Çünki kaktusdan ýasalan önümler wagty geçip zyňaýanyňda hem topraga basym garylyp, zerur döküne öwrülip bilýär.

«Healthy Food House» neşiriniň ýazmagyna görä, meksikaly oýlap tapyjylar Adrian Lopez Welarde bilen Marte Karazes Dessertoni nopal kaktusyndan gaýyş taýýarladylar. Bu gaýyş haýwan derilerini ulanmak zerurlygyny aradan aýryp biler.

Tutuşlygyna biologik garyndylardan taýýarlanan gaýyş tehniki talaplara hem doly laýyk gelýär. Olaryň çydamlylygy azyndan 10 ýyla ýeter diýlip habarda aýdylýar.

Oýlap tapyjylar täze önüm üçin nopal kaktusyny saýlap almaklarynyň hem sebäbini düşündirdiler. Olaryň aýtmagyna görä, birinjiden, bu ösümlik Meksikada bol, ikinjiden, ony ösdürmek üçin köp suwuň geregi ýok.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy