JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 5 — 25-nji awgusty aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin «Boeing —737 — 800» kysymly uçaryň ýörite gatnawyny «Türkmenhowaýollary» agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

Related posts

Sultan Raýew: Türki dünýäsiniň ýaýlymlar bileleşigini dörederis

Türkmenistan takımı AFC Cup Kupası’nda galibiyet kazandı

vepa

Leýla we Arzu Aliýewalar Awaza geldiler