Saýtymyzda öň berlen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden gezelenjimiz baradaky ýazgylarymyzy Ýosemite Jülgesiniň täsinlikleri bilen dowam edýäris.
Biz Ýosemite milli seýilgähine gitmek üçin agşamara Los Angelesden (bu şäher barada saýtymyzda öň giňişleýin beripdik) ýola çykdyk. Bu milli seýilgähiň içinde Ýosemite jülgesi ýerleşýär. Biz oňä seýilgäh diýýäris, emma ol kiçi ýer däl, Ýosemite Milli Seýilgähiň umumy meýdany 3 müň kilometr inedördülden gowrak.
Ýosemite jülgesi Los Angeles şäherinden ýeňil awtoulag bilen gideniňde ortaça 6 sagat wagt uzaklykda ýerleşýär. Biz ilki bilen Fresno diýilýän şäherde düşledik. Sebäbi uzak ýoldan soň, dynç alyp, ertesi Ýosemite milli seýilgähine syýahat etmeli!
Aýdyşlaryna görä, bu milli seýilgähe her ýyl 4 million syýahatçy gelýärmiş. Ol ýer hakyky tebigatyň gözel peýzaŽy. HudoŽnigiň döreden ajaýyp sungat eserine meňzeş. Ýaýylyp ýatan gözellik, ýokaryk seredeniňde aňyrsyna gözüň ýetmeýän agaçlar, haýwanlaryň dürli görnüşleri…Bularyň ählisi şol ajaýyp jülgede ýerleşýär. Biz ol ýerde haýwanlardan diňe bir kiçiräk aýyny gördük, emma, dag arslanlarynyň, keýikleriň we janly-jandarlaryň ol jülgede mesgen tutandygyny aýdýarlar. Haýran galdyrýan zat, seýilgähde her biriniň uzynlygy 100 metrden geçýän dürli-dürli agaçlar bar. Şolaryň biriniň aşagyndan bolsa, 1800-nji ýyllarda at arabasy geçer ýaly tunel (aşakdan geçelge) hem açypdyrlar.
Metbugatda ýazylyşyna görä, meşhur Steve Jobs aram-aram bu seýilgähe gelip, dynç alýan eken. Belki-de eliňizdäki Iphone telefonlary kämil edip döretmek üçin bu owadan seýilgäh ylham çeşme bolandyr. Steve Jobsyň durmuş toýy hem şu seýilgähde ýerleşýän myhmanhanalaryň birinde bolupdyr. Dogrusy, özüm-ä Iphone telefon ulanyp göremok welin, aýdylyşyna görä, Appliň işleýiş sistemalarynyň biriniň adyna Ýosemite goýlup, ol seýilgähiň täsin suratlaryny telefonyň ýüzüne ekran suraty hökmünde ulanylypdyr. Şol suratlardan ikisini habarymyzda hem ulanýarys, Apple ulanýanlaryňyz ol suratlary göreniňizden tanarsyňyz.
Tunnel View merkezi
Gadymy hem örän owadan Ýosemite seýilgähiniň köp ýerlerini görüp bolýan ýeri Tunnel View diýen merkezidir. Ol ýerden seýilgähiň iň owadan ýerleri, ýagny El Capitan depesini, Half Dome belentligini, Bridalveil şarlawugyny görüp bolýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylar seýilgähiň ajaýyp ýerlerini synlamak we surata düşmek üçin ilki bilen ol ýere jemlenýär ekenler.
Glacier Point merkezi
Bu Merkez 2200 metr belentlikden seýilgähiň dürli ýerlerini görmäge mümkinçilik berýän başga bir merkez. Biziň syýahatymyzyň iýun aýynyň soňlaryna bolandygyna garamazdan, ol merkeze barýarkak ýol gyralarynda az hem bolsa gar galyndylaryny gördük. Eger Ýosemite milli seýilgähine syýahat etmek nesibäňizde bar bolsa, hökman ol merkeze barmagyňyzy maslahat berýäris. Dogrymy aýtsam, men-ä Tunnel Viewden ortaça 40 minutlyk uzaklykda ýerleşýän bu merkeze ilki gitmek islemedim, sebäbi wagt çäkli, syýahata aýlanyp görmeli ýerler köp, emma, awtoulagy Myrat ulanýanlygy sebäpli gitdim. Ýadawlygyma seretmän, gidenime diýseň begendim. Sebäbi ol ýeriň gözelligine, özüne çekijiligine näçe seretseň, seredip oturmaly.
Half Dome daş toplumy
Tebigy ýagdaýda meýdana gelen daşdan ýarym öý mysaly ýatladyp duran daş toplumyna Half Dome diýilýär. Ol ýeri synlamak örän ajaýyp we ýakymly. Half Dome daş toplumyna her gün 300-e golaý adama dyrmaşyp çykmaga rugsat berilýän eken, oňa dyrmaşmak üçin alpinist bolmasaň hem şol ugurda tejribäň bolsa dyrmaşsaňgowy. Biz-ä dyrmaşmaklyga synanyşmadyk.
El Capitan belentligi
Ýosemite milli seýilgähiniň iň meşhur ýerleriniň biri bolsa El Capitan belentligidir. Bu depe 910 metr belentlige eýe bolup, ýekeje bölek gaýadan ybarat. Bu ýer alpinistler tarapyndan iň halanylýan ýerleriň biri. El Capitan belentligine ilkinji gezek 1958-nji ýylda3 sany alpinist dyrmaşypdyr.
Ýosemite milli seýilgähine bolan syýahatymyzy agşamara tamamladyk. Indiki syýahat etjek ýerimiz telekeçileriň meşhur mekany – Silikon Jülgesi!
ABŞ syýahatymyz barada ähli makalalary okamak üçin
Amerika Size Garaşýar —Täze Başlaýanlar üçin
Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary…
Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň “ylham mekany”
Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi
Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
IMO Atavatan : +90 532 401 71 52
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52
Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)
Makul Hyzmat Terjime Merkezi
+993 63 78 96 73
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401
E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com
Telefon : + 993 12 96 48 55
Täze ýazgylarymyzy okamak üçin bizi sosial mediadan yzarlan!
Resmi Twitter Hesabımız için
https://twitter.com/AtavatanJournal
Resmi Linkedin Hesabımız için :
https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/
Resmi Facebook Hesabımız için :
https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/
Resmi Instagram Hesabımız için :
https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/
IMO 00993 65 80 24 70