JEMGYÝET

Stambul Şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” Atly Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Stambul şäherinde ýerleşen  abraýly uniwersitetleriñ biri bolan Bahçeşehir uniwersitetinde, Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyñ tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaraly çärä Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory we mugallymlary, Stambul uniwersitetiniň mugallymlay, “Ata Watan Türkmenistan” Žurnalynyň baş redaktory, Türkmenistan-Türkiýe raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy,  we jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda bilim alýan daşary ýurtly we Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory Professor doktor Şenaý Ýalçyn, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly,  Bahçeşehir uniwersitetiniň mugallymy dosent M/Aşyralyýew, Stambul uniwersitetiniň mugallymy dosent Nurjan Güder, Ata Watan Türkmenistan Žurnalynyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow, Bosfor gazetiniň baş redaktory Talha Balyk we Türkmenistan-Türkiýe raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ismail Nejdet Aýgün dagylar çykyş etdiler.

Dabaraly çärede çykyş edenler kitabyň gysgaça mazmuny, bölümleri, onuň içinde beýan edilýän pikirler, kitabyň aýratynlyklary we beýleki ähmiýetli taraplary barada bellemek bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň kitabynda köpugurly ykdysady, syýasy we durmuş ähmiýeti barada, kitapda Ýüpek ýolunyň medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, siwilizasiýalaryň ösmegine, medeni mirasa hormat goýmaga, durmuş-ykdysady abadançylyga ymtylmaga, Günbataryň we Gündogaryň arasynda ykdysady, ylmy we medeni baglanyşygyň berkemegine uly orun berilýändigi barada pikirleri beýan etdiler.

Mundan başga-da çärä gatnaşanlar täze söwda ýollarynyň we ugurlaryň döremegine Beýik ýüpek ýolunyň esaslandyrylan döwründe dörän we häzirki wagtda kämilleşýän halkara ulag ulgamlaryň aýrylmaz gatnaşyjysy bolan Türkmenistanyň wajyp orny barada aýratyn durup geçdiler.

Soňra bolsa çärä gatnaşyjylara we myhmanalara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Çeşme : http://www.mfa.gov.tm/tk/news/545

Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri