18–22-nji noýabr aralygynda Singapur Respublikasynyň Singapur Menejment Institutynda (Singapore Institute of Management) mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersinden “StemCo Global Final (English) 2026” halkara bäsleşigi geçirildi. Onuň saýlama tapgyrlaryndan üstünlikli geçip, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dünýäniň dokuz döwletinden — Türkmenistandan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Täjigistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Filippinlerden we Mongoliýadan zehinli mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar özara bäsleşdiler.
Bäsleşige Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň müdiriniň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasary Öwezmyrat Töräýew bilen şol mekdebiň iňlis dili mugallymy Güljahan Öwezgylyjowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan düzülen wekiliýet gatnaşdy. Iňlis dili dersi we çagalaryň aýratyn ukyp-başarnyklary boýunça geçirilen bäsleşikde zehinli ýaşlarymyz üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler. Olar iňlis dilinden öz ýaşytdaşlary bilen bäsleşip, baýrakly orunlary eýelemegiň hötdesinden geldiler.

Netijede, Aşgabat şäherindäki 49-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Medine Allaberenowa altyn medala, paýtagtymyzdaky iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ylham Öwezow hem-de 7-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Selbi Begmyradowa kümüş medala, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Şasoltan Şalyýewa, 9-njy synp okuwçysy Suhanmyrat Gurbanmyradow hem-de 10-njy synp okuwçysy Burhan Garjanow bürünç medallara mynasyp boldular.
Türkmen ýaşlary bäsleşigiň çagalaryň aýratyn ukyp-başarnyklary ugry boýunça hem üstünlikli çykyş etdiler. Ýagny ýaşlaryň saz gurallaryna ukyby ugry boýunça Medine Allaberenowa, iňlis dilinde sözleýiş sungaty boýunça Şasoltan Şalyýewa altyn medala mynasyp boldular.
Zehinli mekdep okuwçylaryndan düzülen ýurdumyzyň topary jemi 8 medala – 3 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular.
Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Emine Durdymyradowa, Bibijemal Meredowa, Humaýgözel Rejepmuhammedowa, 15-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Hatyja Çaryýewa, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Züleýha Annageldiýewa hem-de 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynyň 12-nji synp okuwçysy Ýunus Süleýmanow dagy bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.
Mahlasy, mekdep okuwçylarymyzyň halkara bäsleşikde gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermekde alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
