DÜNÝÄ

Tramp Özbegistanyň Prezidentine sowgady üçin minnetdarlyk bildirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli sowgat beren milli özbek bassyrmalarynyň Waşingtonda oturdylandygyny habar berdi.

Amerikanyň Lideri bu barada “Truth Social” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

«Ýurdumyz garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli maňa ajaýyp özbek bassyrmalaryny sowgat beren Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe çuňňur minnetdarlyk bildiresim gelýär» diýip, Tramp belledi.

Ak tamyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, geçen hepde ol bassyrmalaryň açylyş dabarasynyň geçirilen ýeriniň üstünden dikuçar bilen uçup geçipdir. Dabara Özbegistanyň ABŞ-daky ilçisi Furkat Sidikow hem-de ABŞ-nyň Içeri işler ministri Duglas Bergam gatnaşypdyr.

«Bassyrmalar haýran galdyryjy derejede owadan görünýär» diýip, Amerikanyň lideri nygtady. Ol özbek ussalarynyň birnäçe aýlap maşgalalaryndan uzakda bolup, çylşyrymly howa şertlerinde 200 ýyllyk dag hozunyň agajyndan bu desgalary gurandyklaryny hem belledi.

Trampyň sözlerine görä, ol sowgady özünde galdyrman, eýsem, jemgyýetçiligiň peýdalanmagy üçin bermegi karar edipdir. Bassyrmalar Waşingtondaky Tidal Beýsiniň kenarynda oturdyldy.

ABŞ-nyň Prezidenti bu ýeriň söýgi tekliplerini etmek, diplomatik kabul edişlikleri geçirmek we sakura agaçlarynyň gülleýän döwründe surat düşmek üçin meşhur ýere öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Related posts

Baýden gaýtadan prezidentlige dalaş etmekçi

Daniýanyň şa zenany tagty ogluna berer

Türkmenistan bilen UNCTAD “akylly” gümrük boýunça hyzmatdaşlyk eder