DÜNÝÄ

Aşgabatda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek boýunça brifing geçirilýär

Şu gün, 2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda, Aşgabatda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny taýýarlamak we geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan brifing geçirilýär. Halkara ähmiýetli bu çärä «Ata Watan Media» topary hem gatnaşýar.
Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän brifingde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdi.
Brifingde tanyşdyrylýan Hereketleriň Milli meýilnamasy 6 esasy ugry we 19 çäräni öz içine alýar.
Milli meýilnamanyň esasy tapgyrlary şulardan ybarat:
  • 2026-njy ýylyň dekabry – çäreleriň senenamasyny düzmek we gözegçilik işlerini guramak;
  • 2027-nji ýyl – geňeşmeleri we okuw çärelerini geçirmek;
  • 2028-nji ýylyň ýanwary – Aşgabatda we Nýu-Ýorkda Halkara hukuk ýylynyň açylyş dabaralaryny geçirmek;
  • 2028-nji ýylyň sentýabr–dekabr aýlary – BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerindäki çäreler we Bütindünýä forumy.
Milli meýilnamada diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn orun berilýär.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/295 belgili Kararnamasynyň awtordaşlary we BMG-ä agza beýleki döwletler bilen bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça yzygiderli geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň milli jebislik güni

Ata Watan Eserleri

ABŞ-da kazyýet DV-2027 Green Card lotereýasynyň başlanmagy baradaky kararyň ýerine ýetirilmegini togtatdy

Aşgabatda täze “Yutong” ýolagçy awtobuslary hyzmat edip başlady