2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Euronext Paris» kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (DHÇMB) Başlygy Batyr Wolsahadowyň «Euronext» kompaniýasynyň döwlet syýasaty meseleleri boýunça direktory, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Ýakob Mihalik we haryt bazarlary boýunça ugrunyň ýolbaşçysy Robin Mezonýow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy DHÇMB-niň alyp barýan işleri, onuň ýurduň daşary söwdasyny ösdürmekdäki orny we biržanyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlar barada maglumat berdi.

Esasy üns haryt bazarlaryny guramak, elektron söwda ulgamlaryny kämilleşdirmek, amallaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak, baha töwekgelçiliklerini dolandyrmak we emeli aňy goşmak bilen sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerinde tejribe alyşmaga gönükdirildi.
«Euronext» kompaniýasynyň ýolbaşçy işgärleri haryt fýuçersleri we opsionlary bilen söwda etmek, şeýle hem maliýe önümleriniň bazarlaryny düzgünleşdirmek boýunça Ýewropa tejribesi bilen paýlaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hünär dialogyny we tejribe alyşmagy dowam etdirmäge, şol sanda elektron söwda infrastrukturasyny ösdürmek hem-de birža bazarlaryny düzgünleşdirmegiň Ýewropa mehanizmlerini öwrenmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.
