BILIM

Amerikada daşary ýurtly talyplar üçin möhüm kazyýet çözgüdi kabul edildi

ABŞ-da federal kazyýet Prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan daşary ýurtly talyplaryň ýurtda bolmak möhletini çäklendirmek maksady bilen kabul edilen täze düzgüni ýatyrdy. Netijede, F-1 talyp wizasy bilen bilim alýan daşary ýurt raýatlary üçin öňden hereket edýän «Duration of Status» (D/S) ulgamy güýjünde galdy.

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Federal etrap kazyýeti Içerki howpsuzlyk ministrligi (DHS) tarapyndan kabul edilen täze düzgüni ýatyrmak barada karar çykardy.

Täze düzgün nämeleri göz öňünde tutýardy?

Trampyň administrasiýasynyň täze düzgüni daşary ýurtly talyplaryň ABŞ-da bolmak möhletini, adatça, iň köp 4 ýyl bilen çäklendirmegi göz öňünde tutýardy.

Şeýle hem okuwyny tamamlan talyplara ABŞ-dan gitmek ýa-da immigrasiýa ýagdaýyny kanuny tertipde üýtgetmek üçin berilýän 60 günlük goşmaça möhleti (grace period) 30 güne çenli azaltmak meýilleşdirilýärdi.

Mundan başga-da, talyplaryň uniwersitetini ýa-da hünär ugruny üýtgetmegine goşmaça çäklendirmeler girizilmegi göz öňünde tutulýardy.

Kazyýetiň kararyndan soň näme üýtgedi?

Kazyýetiň çözgüdi bilen:

  1. Daşary ýurtly talyplar üçin «Duration of Status» (D/S) ulgamy güýjünde galdy.
  2. ABŞ-da bilim almagyň möhletini 4 ýyl bilen çäklendirmek düzgüni ýatyryldy.
  3. Okuwyny ýa-da degişli OPT möhletini üstünlikli tamamlan F-1 talyplary üçin 60 günlük goşmaça möhlet saklanyp galdy.
  4. Uniwersitet we hünär ugruny üýtgetmek babatdaky öňki düzgünler hereket etmegini dowam etdirýär.

Kazyýet ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrliginiň täze düzgüni kabul etmekde degişli kanunçylyk talaplaryny berjaý etmändigini kesgitledi.

Şeýle-de bolsa, Trampyň administrasiýasynyň bu çözgüdi ýokary kazyýet instansiýasynda şikaýat etmek hukugy bar.

Şeýlelikde, ABŞ-da bilim alýan daşary ýurtly talyplar üçin 4 ýyllyk çäklendirme girizilmedi we okuw tamamlanandan soňky 60 günlük goşmaça möhlet hem güýjünde galdy.

Bu karar Amerikada bilim alýan, şeýle hem geljekde ABŞ-nyň uniwersitetlerine okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlary üçin möhüm hukuk ähmiýetine eýedir.

Ata Watan Media

Related posts

Täze Strategiýa :emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Küşt oýny mekdepde okadylýan sapaklaryň sanawynda

Açyk gapylar:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Ata Watan Eserleri