MEDENIÝET

Türkmenistan Stambulda kino hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» kinofestiwalynyň çäklerinde geçirilen kino sammitinde çykyş etdi. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda bilelikdäki kino önümçiligini ösdürmek boýunça birnäçe amaly teklipleri öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar portaly habar berýär.

Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde geljegi uly üç taslamany teklip etdi:

«Beýik Ýüpek ýolunyň hekaýalary» atly köp bölümli dokumental film tapgyry — türki halklaryň taryhy-medeni mirasyny, gadymy şäherlerini we däp-dessurlaryny açyp görkezýän taslama;

«Türki dünýäsiniň rowaýatlary» atly animasion film tapgyry — milli ertekilere we rowaýatlara esaslanýan, çagalar we ýaşlar üçin niýetlenen köp dilli taslama;

Bilelikdäki çeper filmler — dürli ýurtlaryň ssenariýaçylaryny we aktýorlaryny birleşdirýän, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşyny beýan edýän filmler.

Bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistan türki dünýäniň kino taslamalarynyň bitewi onlaýn katalogyny döretmegi, «Gorkut Ata» kinofestiwalynyň çäklerinde yzygiderli taslama tanyşdyryşlaryny geçirmegi, şeýle hem ýaş kino işgärleri üçin ssenariýa ussahanalaryny we tejribe alyşmak maksatnamalaryny ýola goýmagy teklip etdi.

Sammitiň netijeleri boýunça gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň degişli edaralaryna 2027-nji ýylyň başyna çenli bilelikdäki taslamalaryň gysga sanawyny taýýarlamak üçin utgaşdyryjylary kesgitlemek teklip edildi.

Türkmen tarapy kino düşürilişleri üçin ýerleri, hünärmenleriň maslahat goldawyny üpjün etmäge, şeýle hem Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmenleriniň gatnaşmagyny ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady.

Related posts

Kä­riz­ler – gym­mat­ly milli tejribe

Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreler

2023-nji ýylyň ýanwary: esasy çäreleriň meýilnamasy