MEDENIÝET

2023-nji ýylyň ýanwary: esasy çäreleriň meýilnamasy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Hususan-da, ýanwar aýynda dürli sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçiriler. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasyny, şeýle-de Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäherinde we sebitlerde dürli medeni çäreleri, şol sanda teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde körpelerdir ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarynyň, kinofilmleriň görkezilişlerini, muzeýlerde we kitaphanalarda dürli medeni çäreleri, sergileri guramak meýilleşdirilýär.

5-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň binasynda zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.

Şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 27-nji ýanwarda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Gyşky dynç alyş günlerinde ähli bilim edaralarynda Aýazbabanyň we Garpamygyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, türkmen we dünýä halklarynyň erteki gahrymanlarynyň, medeniýet, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda köpöwüşginli baýramçylyk çäreleri guralar.

Ýurdumyzyň teatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde körpelerdir ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarynyň görkezilişini, sportuň dürli görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikleri geçirmek hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine, taryhy ýadygärliklere, beýleki gözel ýerlere gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi