BILIM

Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «Tegelek stolunda» çykyş etdi

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýanyň bitewi bilim giňişligini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlyk» mowzugynda sebitiň döwletleriniň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stoly» geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşyp, giňişleýin çykyş etdi.

Ministr öz çykyşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bilim hem-de ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýratyn möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek we sebitiň ykdysady ösüşi üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak umumy maksat bolup durýar.

Çykyşda Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemaýat bermeginde hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler beýan edildi. Hususan-da:

Şeýle hem sanly ulgama geçmek boýunça gazanylan üstünlikler, şol sanda «Elektron mekdep», «Elektron talyp» ulgamlary, 11 pudagy we 156 sany täze hünäri öz içine alýan «Geljekki hünärleriň atlasy», BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň taslamasynyň taýýarlanylýandygy mälim edildi.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi:

Türkmenistanyň Bilim ministri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilim diplomatiýasyny mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Related posts

Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomy ykrar etmek:resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda açyk gapylar güni geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjov