BILIM

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda açyk gapylar güni geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty 2020-nji ýylyň 21–nji aprelinde sagat 1500-da instituta berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, we 76-njy orta mekdepleriniň instituta girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny «Açyk gapylar» günine çagyrýar. «Açyk gapylar» güninde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45

Ýene-de okaň

Türkmenistanda çagalaryň tomusky dynç alyş döwri başlandy

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar