Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UN Tourism) 10-njy Bütindünýä gastronomiýa syýahatçylygy forumyny geçirmek üçin Azerbaýjany kabul ediji ýurt hökmünde saýlady.
Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentligine salgylanyp, “Report” habarlar gullugy habar berýär.
Forumyň 2027-nji ýylyň iýun aýynda Gabala şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Şeýle abraýly halkara çäräniň Azerbaýjanda geçirilmegi ýurduň baý gastronomiýa mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine we gastronomiýa syýahatçylygynyň ösmegine ýardam eder. Forumyň çäklerinde halkara syýahatçylyk we gastronomiýa pudaklarynyň wekilleri Azerbaýjanyň milli tagamlary, aşpezlik däp-dessurlary we ýerli önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar» diýlip, habarda bellenilýär.
“UN Tourism” guramasynyň başlangyjy bilen 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä gastronomiýa syýahatçylygy forumy syýahatçylyk we gastronomiýa pudaklarynyň hünärmenlerini, öndürijileri, telekeçileri hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.
Forumyň esasy maksady gastronomiýa syýahatçylygy boýunça bilim we tejribe alyş-çalşygyny ösdürmek, üstünlikli tejribeleri ýüze çykarmak hem-de syýahatçylyk merkezleriniň ösüşinde gastronomiýa syýahatçylygynyň ornuny berkitmekden ybaratdyr.
