Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow duz-çörek bilen garşylandy.
Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özbek diline terjime edilen eserleriniň sergisi bilen tanyşdy. Soňra “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary” bölüminde ýerleşdirilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerinde terjime edilen eserleri bilen, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdy.
Kitaphana bilen tanyşlygynyň dowamynda Ilçi Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynda gurulýan täze şaheriň 2027-nji ýylda açyljak täze kitaphanasynda Döwlet kitaphanasy bilen özbek dilindäki kitaplary alyşmak boýunça söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň, ýakynda özbek dilinde tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini habar berdi we ýakyn günlerde kitaphana sowgat berjekdigini mälim etdi.
Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Göroglynyň poemasynyň özbek diline terjime edilen kitabyny sowgat berdi.
