JEMGYÝET

Türkmenistan Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň agza döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň sekizinji sammitiniň umumy mejlisine gatnaşdy. Sammit Moskwadaky Halkara söwda merkezinde geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmegindäki sammite Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, Mozambigiň Prezidenti Daniel Şapu, Ekwatorial Gwineýanyň Prezidenti Teodoro Obiang Ngema Mbasogo we Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň başlygy Muhammed al-Menfi hem gatnaşdy.

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy halkara hökümetara guramadyr. Alžir, Boliwiýa, Müsür, Ekwatorial Gwineýa, Eýran, Liwiýa, Nigeriýa, Katar, Russiýa, Trinidad we Tobago, Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Wenesuela bu forumyň doly hukukly agzalary bolup durýar.

Mundan 25 ýyl ozal Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy tejribe alyşmak, gaz bazaryna baha bermek we onuň ösüşini çaklamak üçin bilermenleriň seljeriş meýdançasy hökmünde döredilipdi.

Gatnaşyjylaryň özara dialogy hem hut şu ugurda ösdürilýär. Şeýle açyklyk, aýdyňlyk we baha berişleriň obýektiwligi gaz öndürijiler üçin hem, ony sarp edijiler üçin hem, umuman, dünýäniň ýangyç-energetika toplumy üçin örän möhümdir.

Aýratyn-da, Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň paýyna dünýäniň tebigy gaz gorlarynyň 70 göteriminiň we onuň dünýä boýunça eksportynyň takmynan 40 göteriminiň düşýändigini nazara alsak, munuň ähmiýeti has-da aýdyň bolýar.

Related posts

Ýewro-2020: 7-nji iýulyň duşuşygy

“Eşretli Syýahat”: täze bahalar, täze mümkinçilikler

Ata Watan Eserleri

Saýlaw-2022: 3 dalaşgär bellige alyndy

Ata Watan Eserleri