BIZNES

Türkmenistanda täze ýyladyşhana ulanmaga berildi

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilen şanly ýylyň şatlykly wakalarynyň mynasyp dowamyna öwrüldi. «Haýyrly senagat» hususy kärhanasynyň döwrebap tehnologiýaly täze ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Haýyrly senagat» hususy kärhanasy tarapyndan gurdurylan kämil tehnologiýaly döwrebap ýyladyşhananyň meýdany 20 gektardyr, onda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy.

Ýyladyşhana her ýylda 3 müň 500 tonna pomidor ýetişdirmek mümkinçiligine eýe. Gerekli pomidor şitilleri hem şu ýerde ýetişdiriler. Bölünip berlen ýeriň 3 gektarynda suw tygşytlaýjy usullarda miweli baglary ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär. Galan 2 gektar ýerde kömekçi desgalar ýerleşýär.

Halkymyzy gök-bakja önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, bazar bolçulygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň öňde goýýan baş maksatdyr.

Related posts

İhaleler: Türkmenistan Sanayi Bakanlığı’ndan uluslararası ihaleler

vepa

Türkmenistan bilen Katar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy