BIZNES

«Täze aý» haryt nyşanly süýdi gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasy açyldy

Mary etrabynyň «Täze oba» geňeşliginiň çäginde gurlan «Täze aý» haryt nyşanly süýdi gaýtadan işleýän önümçilik kärhana ulanmaga berildi.

Kärhana üçin zerur bolan çig malyň — süýdüň esasy bölegi ýerli ilatdan, telekeçilerden, daýhan hojalyklaryndan, hususy kärhanalardan we hojalyk jemgyýetlerinden baglaşylan şertnama laýyklykda ýygnalyp, ýöriteleşdirilen awtoulaglar arkaly getirilýär.

Süýdüň düzümi, ilki bilen, barlaghana bölüminde gözden geçirilip, soňra önümçilige goýberilýär. Kärhananyň bölümleri Türkiýäniň we Germaniýanyň belli kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilipdir.

Bu ýerde ildeşlerimiziň 300-den gowragynyň zähmet çekmegi üçin ähli oňyn şertler döredilipdir. Ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhananyň 1 müň tonnadan gowrak mesge ýagyny, 8 müň tonna gatyk-gaýmak, 1 ýarym müň tonna golaý peýnir, 3 müň tonna gury süýt öndürmäge mümkinçiligi bar.

Gury süýdi diňe içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara eksport etmek hem meýilleşdirilýär. Taýýar önümleriň birbada 380 tonnasyny saklamak üçin ýörite ammar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap kärhananyň içinde önümçilik bölümleri bilen birlikde, ýörite arassaçylyk-durmuş otagy, naharhana ýerleşýär. Okuw merkezinde bolsa degişli meýilnama laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň utgaşykly önümçilik tejribeligini geçmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Related posts

Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrylar

«AMC Overseas» Türkmenistandaky işini giňeltmek isleýär

“Demirýollary”: ýük daşamak hyzmatynda täzelik