ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gözel Hummaýewa:halypa balerina 80 ýaşady

Haýsy ugurdan bolsun tapawudy ýok, döredijiligi gyzyklandyrsa onuň adyny hökman bellik edip goýýan. Arada 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli söhbetdeş bolmak üçin halypa mugallym Gözel Hummaýewa jaň aýladym. Tomusky dynç alşa çykyp öňki Leningrad şäherine häzirki Sankt-Peterburga gezelenje barýandygyny aýtdy.

— Gezelençden gelemsoň, gürrüňdeş bolaýarys — diýip ýagdaýyny düşündirdi. Şeýlelik bilen ýakynda onuň maşgala ojagyna ýörite söhbetdeşlige bardym. Ilki bilen ondan syýahat eden gezelenji barada soradym. Ol:

— Şu gezek doglan günümi gutlap, özüm özüme uly sowgat etdim. Bir mahal okap bilim alan şäherim Leningrada gezelenje gidip, ýaşlyk ýyllaryma syýahat edip geldim. Okan mekdebime, ol ýerdäki teatrlara, muzeýlere, taryhy ýerlere gezelenç etdim. Okap gaýdan mekdebimde dabara gurap ol ýerde maňa Marietta Harlamniýewna Frangopulonyň kitabyny hemem kän taryhy suratlary sowgat berdiler. Gezelençde 20 gün töweregi bolup dynç aldym. Täsirli gezelenjiň gyzykly ýatlamalaryny okuwçylarym bilen paýlaşmaga howlugýan —  diýip gürrüňini dowam etdi:

 

— Men 1946-njy ýylyň 16-njy awgustynda Aşgabatda doglan. Ýedi ýaşymda paýtagtymyzdaky 16-njy orta mekdebe 1-nji synpa okuwa bardym. Üçünji synpda okap ýörkäm mekdebimize Leningraddan mugallym geldi. Ol:

— Araňyzda tans sungatyna höwesliňiz barmy? — diýip sorady. Soňra:

— Eger höwes bildirýän bolsaňyz Leningrada okamaga gitjegiňiz barmy? — diýip gyzyklandy. Biziň tansa bolan ukybymyzy gözden geçirdi. Soňra bolsa ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde gaýtadan gözden geçirdiler. Öňdenem ejeme pionerler köşgündäki tans gurnaga gatnamaga höwes edýändigimi aýdyp ýördüm. Öýe gelemsoň, bu ýagdaýy ejeme gürrüň berdim. Ejem islegime garşy bolmady. Şeýlelik bilen ähli barlaglardan geçip özüm ýaly çagalara goşulyp, otly bilen ýola düşdük. Moskwanyň üsti bilen gitmeli bolamyzsoň, ýedi günde Leningrada bardyk. Uly şäheri birbada görenimizde haýran galdyk. Soň kem-kemden öwrenişdik. Okaýan mekdebimiz ýaşaýan jaýymyz bilen bir köçede ýerleşýärdi. Ilkinji hünär mugallymym Warwara Pawlowna Meý meniň üçin iň mähriban mugallym bolup galdy. Öýmüzden uzakda ene-atamyzyň küýsegindäki biz — çagalary ähli tarapdan mähir, söýgi bilen gurşap ýat şähere tiz öwrenişdirdi. Ol biziň ählimiziň ýüregimizde tans sungatynyň fundamentini gurdy. Men ol ýerde 9 ýyl okadym.

1959-njy ýylda bu mugallym biziň bilen konsert çykyşyny taýýarlap Aşgabatda konsert bermäge geldi. Şonda men «Gyzyl papajyk» hem-de «Kiçijek ynsanlar» atly baletde çykyş etdim — diýip, ol bir topar at ýazylan sanawly kagyzy öňümde goýup:

— Ynha, bular meniň üçin has mähriban adamlaryň atlarynyň sanawy — diýdi. Mugallymlary Warwara Pawlowna Meý, Leargarita Andreýewna Mazurok, Ýewgeniýa Eduardowna Biber, Marina Borisowna Strahowa, Nina Wiktorowna Bemekowa, Tatýana Iwanowna Şmyrowa, Marietta Harlamniýewna Frangopulo, Tatýana Alekseýewna Şostak terbiýeçileri Nadežda Petrowna Isakowa, Klawdiýa Alekseýewna Kolýasina, Irina Wladimirowna Gisnýaçewskaýa — diýip ýazylan elýazma.

— Ýaşymyz ulaldygyça ýatkeşlik kütelmegi mümkin. Şonuň üçin bularyň adyny hiç unutmaz ýaly ýazyp goýdum — diýdi. Ýazgylaryň arasynda onuň talyp wagtynda «Türkmen horegrafiýasynyň çeşmesi» atly temadan diplom işini ýazandygy barada-da maglumat bar.

 

Şahsy arhiwindäki ýazgylary ýekän-ýekän okap başladym. Jorasy hem kärdeşi Türkmenistanyň halk artisti Gülbahar Musaýewanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň «halk tans» bölüminiň mugallymy mahalynda Gözel mugallymyň ýazan okuw gollanmasyna ýazan syny gabat geldi.

Onda: «Türkmen teatrynyň we baletiniň taryhy» dersinden ýazan okuw gollanmasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli bilim maksatnamasyndan hem-de  «Türkmenistanyň «Bilim» hakyndaky kanunyndan gelip çykýan möhüm wezipelerden ugur alnyp ýazylypdyr. Okuw gollanmasy girişden hem birnäçe bölümden ybarat. 1941-nji ýylda döredilen ilkinji türkmen opera we balet teatrynyň uruş ýyllaryndaky döredijilik ýoly, balet toparynyň uruş döwründen soňky döredijilik ýoly, Türkmenistanda ilkinji işlän baletmeýster Leonid Weniýaminowiç Ýakobson, «Aldar köse» atly ilkinji türkmen baletini döreden  Nikolaý Sergeýewiç Holfin, hem ilkinji türkmen baletmeýsteri Goşa Japarow hakynda giňişleýin beýan edilýär. Okuw gollanmasynda peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy doly we anyk berlen. Gollanma hemme talaplary ödeýär. Düşnükli, gowy ýazylypdyr. Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň hünärmenleri, okuwçylary üçin örän gerekli gollanma. Şunuň ýaly tans sungatynyň taryhyna, teatra degişli gollanmalaryň köpräk ýazylmagyny haýyş edýärin. Gollanma çap edilmäge mynasyp» diýip öwgüli sözler bilen baha berilýär.

Gözel Hummaýewa bilen ýüzbe-ýüz tanyşlygymyza onçakly köp wagt bolanok, ýöne öň ony metbugat sahypalaryndaky çykyşlaryndan hemem onuň özi hakynda ýazylan makalalardan gaýybana tanaýardym. Ol öz saýlap alan hünärinden durmuş hem zähmet ýolunda dünýä belli beýik mugallymlardan tälim alyp, baý tejribe toplan halypa mugallym. Munuň üstesine-de ol milli sungatymyzyň sütün halypalarynyň neslinden. Ol sungat maşgalasynda önüp ösen. Onuň kämil terbiýe mekdebine söhbetdeş bolanyňda has ýakyndan göz ýetirip bolýar. Ilki bilen adamkärçiligiň iň zerur häsiýetleriniň biri, onda päli peslik, sadalyk bar. Işjanlylyk, zähmetsöýerlik, hünärine bolan päk söýgi jemlenen. Şeýlekin bir-bada ýüzbe-ýüz bolanyňda ol türkmençilikden uzakda ýaly görünýär. Emma onuň aýdýan gürrüňlerini diňläniňde türkmençiligiň däp-düzgünlerine juda eýerýändigini bilip bolýar. Hatyra günlerinde ýa-da ejesiniň-kakasynyň doglan günlerinde, dünýeden gaýdan günlerinde olary hatyralap sadaka paýlap, ýörite gonamçylyga gidip zyýarat edýär. Bile işleşen öten-geçen halypalaryny hatyralap ýatlaýar.

 

Men onuň bilen iki ýyl mundan öň tanyşdym. Kakasy Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýew hakyndaky ýatlamalaryny diňlemek üçin iş ýerine bardym. Onuň işine juda berlen mugallymdygyny ilki bada görenimde bildim. Sebäbi ol sagatly işleýär. «Garaşyp kösenmezligiňiz üçin, men pylança gel» diýipdim. Häzir sapak wagty talyplaryň ünsüni bölüp biljek däl. Maňa dogry düşüniň» diýip sypaýyçylyk bilen ýagdaýyny düşündirdi.

Ol gürrüň bermäge juda ökde. Edebiýata, sungata gowy düşünýär. Ondan öwrenmeli zatlarymyz kän. Öte sowatly halypa. Kakasy bilen işleşen halypalar hakynda-da kän zatlary gürrüň berip biljek, hazyna ýaly zenan. Ýaş hünärmenleriň ussatlygyny gazanmak üçin şägirt ýetişdirmek esasy maksatlarynyň biri. Halypalardan öwrenenlerini şägirtlerine geçirmegi mukaddes borjy hasaplaýar. Şonuň üçin esasy işiniň daşyndan öz hünärine degişli giňişleýin makalalary bilen daşary ýurt neşirlerinde-de, milli metbugat sahypalarynda-da köplenç çykyş edýär.

Şol gezek onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda ol özüniň 78 ýaşyndadygyny aýtdy. Hemem kakasy bilen bagly bilýänlerini gürrüň berdi:

— Kakam Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylda Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň (häzirki Wekilbazar) ikinji Goňur obasynda doglan. 1952-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda-da ýogalan. Kakam bary-ýogy 31 ýaşynyň içinde 12 ýyl sungata hyzmat edipdir, ýöne şol  gysga ömründe özüne «Türkmeniň saýrak bilbili» diýdiren opera aýdymçysy.

Men üç doganyň biri. Häzir iki doganym aýatda ýok. Kakam ýogalanda uly doganym Nurmuhammet dokuz ýaşyndady, men alty ýaşymdadym, jigim Nurjemal üç ýaşyndady. Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» filmindäki gahryman Aşyryň kakasynyň keşbini janlandyran aýdymçy Ata Bäşim kakamyň dostudy. Ol:

«Ýörüň, kakaňyz bilen hoşlaşyň!» diýip Nurmuhammet ikimizi teatra alyp geldi. Hiç zada düşünemizok. Hemmeler aglaýardylar. Teatryň uly zalynda kakam gözlerini ýumup owadan bolup ýatyrdy, daş töweregi güller bilen bezelipdir. Uklap ýatandyr öýtdum. Kakam şol pursatdaky keşbi bilenem göz öňümde galdy. Kakamyň üç perzendinden häzir sekiz agtygy, on çowlugy bar. Durmuşa çykanymda meşhur artist Alty Garlyýewiň aýaly Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa:

— Hummaýew başga ýokdur, familiýaňy üýtgedäýmegin — diýipdi. Onsoň  kakamyň familiýasynda galdym» diýip gürrüň berdi.

Gözel mugallym bilen soň doganoglan agasy Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanowyň doglan gününiň 80  ýyllyk ýatlama agşamynda sataşdyk. Şonda ol ýene-de maşgala agzalary bilen bagly käbir  ýatlamalary aýtdy.

— Çagalykdan teatrda ösüp ulaldyk. Ejem Bibi (Çeretanowa) Hummaýewa tansçydy. Paýtagtymyzda ilkinji opera sdudiýa açylyp, kakam bilen  ejem  şol studiýada bile okapdyrlar. Teatrda-da bile işleýärler. Soň ýer yranmada edara binasy ýykylansoň, opera balet teatry Mary şäherine göçürilýär. Kakam bilen ejem ilkinji balerinada bile oýnaýar hem soň halaşyp 1942-nji ýylda durmuş gurýarlar. Kakam Söýeg bagşynyň agtygy.

Marydaky sazçylyk mekdebe kakamyň ady dakylanda dabara ejemem gatnaşdy. Ejem şol döwürde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki Opera we balet teatrynda köp ýyl zähmet çekdi. «Aýgytly ädim» filminde Ballynyň aýalynyň keşbini ejem janlandyrdy, Artygyň jigisi Şekeriň keşbini jigim Nurjemal janlandyrdy. Režissýor şol filmi surata düşürjek bolanda Şekeriň keşbi üçin menem synagdan geçirdi, ýöne Nurjemaly keşbe has laýyk gördi. Men şo mahallar talypdym. Ejem okuwymdan ünsüm sowular öýdüp kinoda surata düşüresi gelenokdy, ýöne dynç alyş wagtym bolansoň, barybir olar filmde surata düşýän pursatlary ýanlarynda boldum. Filmde  agzalýan Goşa obasyny gördüm. Ejemiň şol filmde düýeden  ýykylyp ölýän sahna pursadyny surata düşürmeli bolanda Alty aga:

«Ynandyryjy bolsun» diýip telim gaýta surata düşürdipdi. Artygyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow neresse Nurjemal bilen jigi-dogan bolup keşp döredensoňlar soň-soňlaram Nurjemaly görende: «Sestruha, kak dela?» diýip saglyk-amanlyk soraşardy. Ejem görgüli käwagt keselhanada ýatyp bejergi alardy. Yzyndan nahar eltmäge baranymda, otagdaş zenanlar ejemden: «Daýza, siz şol «Aýgytly ädim» kinosyndaky düýeden ýykylýan aýalmy?» diýip soraýardylar.

— Hawa — diýerdi-de, «tanymal boljak bolsaň keselhana giräýmeli eken» — diýip gülerdi.  Ejemiň şol filmde surata düşende dakynan gülýakasy ýadygärlik galdy. Ejem «Aýna», «Aşyr aganyň mekirligi», «Çopan ogly», «Aýratyn tabşyryk» we başga-da birnäçe filmlerde surata düşdi, 1995-nji ýylda-da 69 ýaşynda ýogaldy. 2009-njy ýylda ejemiň doglan gününde maňa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at berildi — diýip gürrüň berdi.

Gözel mugallym ilki (Leningradyň)  Sankt-Peterburgyň A.Ý. Waganowa adyndaky akademiki horeografiýa mekdebini gutaransoň, Aşgabatda opera we balet teatrda işleýär, soňra 1989-njy ýylda häzirki Sankt-Peterburgyň N.A. Rimskiý Korsakow adyndaky konserwatoriýasynyň «balet režissýory» kafedrasynyň «Balet öwreniji» hünärini tamamlaýar hem ejesiniň kärini dowam edýär. Ol özi hakynda gürrüň berse-de, söhbediniň ene-atasy bilen bagly ýatlamalara syryganyny duýman galýar. Sebäbi onuň şahsy arhiwindäki foto suratlaryň her biriniň öz taryhy bar.

 

— Kakam soňky ýoluna ugradylanda halypalar Maýa Kulyýewa bilen Annagül Annagulyýewa ikisiniň başyny aşak salyp gamgyn halda kakamyň portret suratyny göterip barýan suraty bar. Ynha, şol suraty ýörite alboma ýelmäp goýdum. Jaýlary jennet bolsun! Häzir olaryň hiç birisem aýatda ýok. Emma kakam hakynda aýdylan ýatlamalar welin, maňa her günde gürrüň berlip durlan ýaly.

— 2021-nji ýylyň 10-njy noýabr güni oglum bilen Mary şäherine gidip kakamyň doglan gününiň 100 ýyllygyny belledik. Gowy garşyladylar. Soňra-da obada sadaka berdik. Öten-geçen halypalary, ejem-kakamy hatyralap aýat-töwir okaldy — diýip gürrüň berdi. Men onuň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa bilen ýakyn gatnaşýandygyny bilýän. Onsoň goňşurak ýaşamyzsoň, Gurbanjemal gelnejäniňem Gözel Hummaýewa bilen bagly aýdanlaryny ýazgy etdik. Ol:

— Gözelden öň onuň ejesi — ussat balet artistkasy Bibi Çirotanowa bilen gowy gatnaşýardyk.  Biologiýa ylymlarynyň doktory Ogulbagt Sabirowa bilen öýlerine baryp, wagtal-wagtal onuň halyndan habar tutardyk, bile oturyp çaýlaşyp gaýdardyk. Ol şeýle saýhallydy, akyllydy, myhmansöýerdi, bizi  güler ýüz bilen garşy alardy. Gyzy Gözel ol wagtlar okuwdady. Bibi ejemiziň oýnan baletlerine-de kän gezek tomaşa edipdik. Soň Gözel Hummaýewa okuwyny gutaryp teatra işe geldi. Ol köp baletlerde keşp janlandyrdy. Operalary, baletleri görmegi gowy göremsoň, Gözeliň çykyşlaryna-da kän tomaşa etdim, ýöne meniň üçin onuň «Žizel» baletinde janlandyran Žizeliň keşbi hasam gowy. Şol keşbi häli häzirem ýadymda. Gözeliň adamkärçiligine-de, döredijiligine-de uly hormat goýýan. Onuň ýekeje ogly bar. Ogluny öýerende-de, soň agtygy bolup toý edende-de gatnaşdym. Kakasy Ýolaman Hummaýewiň ýubileý senelerini bellände-de, ene-atasyna aýat-töwir edende-de hökman barýan — diýip gürrüň berdi.

Gözel Hummaýewanyň «Žizel» baletindäki döreden keşbi barada özünden sorasaňam:

— Baletde her bir hereket gözel bomaly. Gözellik bolsa aňsat döremeýär. Bu sungatda hat-da ýaramaz häsiýetli gahrymanyň obrazyny hem ritmiki, takyk hereketler bilen aňlatmaly bolýar. Munuň üçin ilki bilen esasy zat irginsiz zähmet zerur. Meniň janlandyran keşplerimden has tapawutlysy «Žizel» baletindäki Žizeliň keşbi. Sebäbi şu baletde balet sungaty özüniň çuňlugy we inçeligi babatynda iň belent derejesine ýetipdirmikä diýýärin. Bu balet maňa has ýaraýar. Ýogsa men «Daş gül», «Esmeralda», «Guw köli», «Don Kihot», «Aldar köse» we başga-da birnäçe  baletlerde dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrdym. Ähli döreden keşplerme-de yhlas siňdirýärdim. Elbetde, başga döreden keşplerimem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýardy. 1966-njy ýylda Moldowanyň paýtagty Kişinýewde geçirilen «Halklaryň dostlygy» festiwalyna ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen gatnaşdyk. Şonda daşary ýurtly tanymal sungat ussatlarynyň birnäçesi bilen tanyşmak, pikir alyşmak miýesser etdi. Daşary ýurt sahnalarynda çykyş etmek kämilleşmegiň üçin hasam ähmiýeti uly. Men diňe balet sungatyndaky çykyşlarym bilen däl, bir mahal Türkmen döwlet tans toparynyň ezber tansçylary bilen toparyň düzüminde Wengeriýa, Mongoliýa, Yrak, Belarus, Litwa, Latwiýa, Estoniýa ýaly ýurtlaryň ençemesinde geçirilen medeni çärelere tansçy hökmünde-de gatnaşdym — diýip gürrüň berdi.

Gözel mugallymyň döredijiligini öwrenýärkäm ol barada metbugat sahypalarynda ýazylan makalalaryňam birnäçesine gabat geldim.

 

«Edebiýat we sungat» gazetiniň 1965-nji ýylyň 28-nji awgust sanynda çap bolan «12-si 12 iki ýerden» atly makalada: «…Şu ýyl biziň Magtymguly adyndaky opera we balet teatrymyza 12 tansçy geldi. Daşkentde, Moskwada, Leningradda okap gelen ýaşlar bile işleýärler. Hemmesem türkmen ýaşlary. Özlerem zehinli, başarnykly ýaşlar. Şonuň üçin olardan umydymyz uly. Doganlar Ahmet, Ýusup Pürsýanowlar, Gülbahar Musaýewa, Nabat Geldiýewa, Gözel Hummaýewa dagy okuw döwründe tans sungatyna hasam kämilleşipdirler…» diýen ýazgy bar. Ine, şujagaz jümläniň özünden eýýäm Gözel Hummaýewa dagynyň ýaş hünärmen mahalynda-da, geljegine uly ynam bildirilendigine göz ýetirip bolýar. Ol türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden baletlerinde öz başarnygyny ussatlyk bilen tomaşaçylara ýetirip, döredijilik ýolunda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň sanardan kän keşbini ýatda galyjy janlandyrdy. Onuň saýlap alan bu hünäri — balet sungaty barada «Ýaş kommunist» gazetiniň 1966-njy ýylyň 4-nji iýun sanynda «Türkmen baleti ösüş ýolunda» atly makalada-da giňişleýin beýan edilýär. Makaladan bir parça:

«…Sungatyň, edebiýatyň ähli žanrlary-da inçeligi, döredijilik fantaziýany, çuň zehini her ädimde talap edýär. Emma tans sungatynyň iň ýokary derejesine ýeten formasy — balet sungaty, sungatyň iň inçe, näzik we çylşyrymly görnüşidir. Balet sungatynda adamyň göze görünmeýän iň kiçijik duýgulary-da, ruhy dünýäsiniň, ukybynyň, özboluşlylygynyň iň kiçijik öwüşginleri-de ýüze çykýar diýmek isledik. Adamyň kalbyny joşdurýan hereketlerdäki çuň içki mazmuny ýüze çykarýan şol kiçijik öwüşginlere düşünmek üçinem, şolary hereketdäki çeper obrazlar bilen ýüze çykarmak üçinem ruhy baýlyk hem-de irginsiz zähmet gerek…».

Görşümiz ýaly, Gözel mugallymyň ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýän hünäri bar. Onuň irki gazetleriň birinde:

«Žizel bilen Albertiň partiýalary gaty çylşyrymly bolansoň , olary ýerine ýetirmek üçin ýeke tehniki ussatlygam ýeterlik däl. Ähli ýaşlyk joşgunyňy, duýgyňy beýan etmegiň daşyndan ýoldaşyň her bir hereketini-de, edil özüňki ýaly bilmeli. Leningradyň horegrafiýa uçilişesini bir topar türkmen oglan-gyzlary bilen tamamlap, ýakynda işe geldik. Balerinanyň zähmeti tutanýerli, yzygiderli türgenleşigi talap edýär. Şonuň üçin bu ýerde ähli zat diňe yhlasly zahmet bilen bagly. Onsuz hiç zadyň başa barmagy mümkin däl…» diýen çykyşy bar. Şeýle-de onuň özi ýaly deň-duş kärdeşleri bilen iş saparlarda bitiren işleri hakynda-da makalalarda aýdylýar:

 

«…Teatrda geljegine umyt baglaýan ýaşlarymyz Gözel Hummaýewa, Gülbahar Musaýewa, Dünýä Geldiýewa, Nargül Gurdowa, Abadan Geldiýewa dagy eýýäm ençeme jogapkärli rollary ýerine ýetirdiler. Teatr adatda bolşy ýaly tomusky dynç alyşda ýurdumyzyň dürli künjeginde iş saparda bolýar. Elbetde, bir aýda 30 spektakl tabşyrmak dilde aňsat. Ýöne munuň hötdesinden abraý bilen gelinjekdigine doly ynanmak bolýar. Sebäbi teatr ýaşlara daýanýar. Kollektiwiň ýaşlara daýanýan ýerinde bolsa iş gaýra galmaýar. Sebäbi ýaşlarda gujur-da, gaýrat-da bar…».

Hawa, turuwbaşdan zähmet ýolunyň ilkinji ädimlerinde, halypalarynyň uly ynamy bilen başlan Gözel Hummaýewa, öz zähmet hem döredijilik ýoluny abraý bilen dowam edip gelýär. Ol özüni sungaty bilen halkymyz tarapyndanam, döwletimiz tarapyndanam ykrar etdirdi. Şeýle uly hormatdan ruhlanyp zähmet çekýän halypa mugallym häzirki wagtda sanardan kän şägirtleri ýetişdirdi. Olar ýurdumyzyň dürli medeni ojaklarynda zähmet çekip,  watanymyza halal zähmetleri bilen hyzmat edýärler. Makalamyzyň ahyrynda ussat mugallym, zehinli balerina, halypa tansçy Gözel Hummaýewa ýaşynyň uzak, janynyň sag, işlerinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Akgül Saparowa

 

 

 

 

Related posts

Sabo Artykow: estrada sungatymyzyň ilkinji täzelikçisi

Aşyr Hojatow: ussatlyk mekdebiniň halypasy      

Maýa Mülkiýewa: aýdymçy mugallym

Ata Watan Eserleri