JEMGYÝET

Arkadag şäherinde açylan döwründen bäri 50 müň düýp bag ekildi

Arkadag şäherinde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär we Arkadag şäheri açylan döwründen bäri bu şäherde 50 müň düýp bag nahaly oturdyldy. Bu barada şäheriň häkimi G. Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen iş maslahatynda habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişina görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky saparyny amala aşyrdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowa güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri açylan döwründen bäri bu ýerde jemi 50 müň düýp bag ekildi. Şu ýylyň ýazky möwsüminde 5 müň düüp bagyň ekilendigi aýdylyp, güýzki möwsümde-de 5 müň düýp bag ekmegiň meýilleşdirilendigi habar berildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýylyň özünde ýurdumyz boýunça 3 milliondan gowrak bag nahaly ekildi.

Related posts

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatdaky taslamalar bilen tanyşdy

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” :Tanyşdyrylyş dabaralary

Ata Watan Eserleri

Birleşen Milletler Guramasy: Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri