BIZNES

Türkmenistan we Ýewropanyň energetika jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow Nebit we gaz öndürijileriň halkara assosiasiýasynyň Ýewropa bölüminiň (IOGP Europe) dolandyryjy direktory Fransua-Režis Muton de Lostalo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga şeýle hem guramanyň Ýewropanyň energetika syýasaty boýunça wekili Enea Belardinelli gatnaşdy.

Duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň energetika howpsuzlygy, energiýa üpjünçiliginiň çeşmeleriniň dürli-dürlüleşdirilmegi, energetika geçişinde tebigy gazyň orny, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropanyň energetika jemgyýetçiliginiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebit we gaz öndürijileriň halkara assosiasiýasynyň Ýewropa bölümi Brýusselde ýerleşýän hem-de Shell, BP, TotalEnergies, ExxonMobil, Chevron we Equinor ýaly öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän pudaklaýyn assosiasiýadyr. Gurama energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi boýunça syýasaty we energetika pudagyny düzgünleşdirmek meseleleri boýunça Ýewropa Bileleşiginiň institutlary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar, nebit-gaz pudagynyň bähbitlerini öňe sürmäge ýardam berýär we Ýewropa Bileleşiginiň energetika syýasatynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşýar.

Türkmenistanyň ilçisi ýurdumyzyň uly energetika kuwwatyny, eksport ugurlaryny dürli-dürlüleşdirmek babatda yzygiderli alyp barýan syýasatyny we ýewropaly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmasyny belledi. Türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna ibermegiň geljegine, şol sanda Hazar sebitinde energetika infrastrukturasyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

IOGP Europe-nyň wekilleri Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin energiýa serişdeleriniň üpjünçiligini dürli-dürlüleşdirmegiň möhümdigini, şeýle hem energetika geçişi şertlerinde tebigy gazyň ähmiýetiniň saklanyp galýandygyny nygtadylar.

Taraplar metan zyňyndylaryny azaltmak, döwrebap ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we energetika pudagynyň durnukly ösüşi babatda tejribe alyşmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we öňdebaryjy tehnologiýa çözgütlerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. IOGP Europe bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine, şeýle hem assosiasiýanyň agzasy bolan öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalary bilen aragatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Gepleşigiň barşynda ilçi şu günler Türkmenistanda nobatdaky «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) halkara maslahatynyň we sergisiniň öz işine başlandygy barada hem maglumat berdi. Ilçi bu çäräniň energetika pudagynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin halkara meýdança hökmündäki ähmiýetini belläp, IOGP Europe-nyň wekillerini geljekde geçiriljek OGT maslahatlaryna we Türkmenistanda geçirilýän beýleki ugurdaş energetika çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky energetika özara baglanyşygy meseleleri boýunça bilermenleriň bilelikdäki maslahatlaşyklaryny guramagyň we gepleşikleri giňeltmegiň mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar aragatnaşyklary dowam etdirmäge, şeýle hem energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we Türkmenistan bilen Ýewropanyň energetika jemgyýetçiliginiň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gözükdirilen hyzmatdaşlygyň amaly ugurlaryny öwrenmäge özara gyzyklanma bildirdiler.https://turkmennebit.gov.tm/news-detail/4934

Related posts

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

“Türkmendemirýollary” agentligi täze halkara şertnamalara goşular

Türkmenistan’da özelleştirme atağı hız kazandı

vepa