JEMGYÝET

Hadise we Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

9-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda daşary ýurtly meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Konsertde aýdym-saz söýüjilerine ajaýyp pursatlary peşgeş berjek tanymal sungat ussatlary Nýuşa, Hadise, Murat Boz we Maýa Diab çykyş eder.

Konsertiň maksatnamasynda dünýäde giňden tanalýan aýdymçylaryň meşhur eserleri ýaňlanar. Bu baýramçylyk konserti halklaryň dost-doganlygyny we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan ýatdan çykmajak waka bolar.

Konsertiň peteklerini diňe onlaýn görnüşde ashgabat.gov.tm saýtyndan islendik bank karty arkaly satyn alyp bolýar. Satyn alyş şertleri we tertibi baradaky ähli zerur maglumatlary Aşgabat şäher häkimliginiň resmi internet saýtyndan, gözükdiriji wideonyň üsti bilen öwrenip bilersiňiz.

Related posts

3.Dünya Göçebe Oyunları: 3 gün 18 madalya

vepa

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Türkmen Tekstil ürünleri Amazon ve Walmart’ta

vepa