Türkmenistanyň Futbol emini Kristina Bersenýowa halkara derejesindäki abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etmegini dowam etdirýär. Ýaponiýanyň Aýçi we Nagoýa şäherlerinde geçirilýän XX Aziýa oýunlarynyň (20th Asian Games Aichi-Nagoya 2026) futbol ýaryşynyň çäginde, zenanlaryň arasyndaky ýarym final duşuşyklarynyň eminler düzümi tassyklanyldy.
29-njy sentýabrda “Shizuoka Stadium Ecopa” stadionynda KХDR (Demirgazyk Koreýa) we Hytaý Halk Respublikasynyň (China PR) milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşygynda watandaşymyz Kristina Bersenýowa birinji kömekçi emin (AR1 – Assistant Referee 1) hökmünde çykyş etdi. Duşuşygyň eminler topary:
Baş emin: Weronika Bernatskaýa (Gyrgyz Respublikasy)
Birinji kömekçi emin: Kristina Bersenýowa (Türkmenistan)
Ikinji kömekçi emin: Kristina Sereda (Özbegistan Respublikasy)
Ätiýaçdaky emin: Nurul Ain Izatty binti Zainal (Malaýziýa)
Var emini: Firdavs Norsafarov (Özbegistan Respublikasy)
Var emini 2: Roziýabonu Ýusupowa (Özbegistan Respublikasy)
Möhüm we jogapkärli ýarym final duşuşygynda üstünlikli eminlik eden zenan eminimiz Kristina Bersenýowany bu uly üstünligi bilen gutlaýarys we geljekki halkara duşuşyklarynda hem uly üstünlikler arzuw edýäris!
