MEDENIÝET

“Beýik Siwilizasiýa” atly makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijisi sylaglandy

2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde pars dili öwrenijileriniň we olaryň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Pars şygryýetiniň we edebiýatynyň hem-de eýran şahyry Ussat Şähriýäryň şygryýet güni” mynasybetli geçirilen medeni çäräniň dowamynda Eýranyň Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklary Guramasy tarapyndan yglan edilen “Beýik Siwilizasiýa” atly Halkara makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijisi sylaglandy. Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijisi Selim Annaberdiýew özüniň Eýranyň taryhy we medeniýeti barada ýazan täsirli makalasy bilen III orna mynasyp bolup 500 dollar baýragyna mynasyp boldy.

EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisi Abdolreza Abbasi ýeňijini mähirli mübärekläp, oňa degişli güwänamany gowşurdylar. EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisi Abdolreza Abbasi öz gezeginde medeniýetiň halklary we döwletleri baglanyşdyrýan güýçdügini nygtap, bu babatda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini we has-da ösdürilmegini arzuw etdi.

 

Related posts

TRT-niň filmi “Oskara” dalaşgär görkezildi

Muhammet Aly hakynda dokumental film

Ata Watan Eserleri

“Ýewrowideniýe-2022” aýdym-saz bäsleşiginiň finalistleri belli boldy

Ata Watan Eserleri