JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ata Watany Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize şanly sene mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem işewür ata Watany Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda okgunly ösýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ahmet Çalyga täze innowasiýalary we kämil mümkinçilikleri özünde jemleýän atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini kompaniýanyň doly derejede ýerine ýetirendigi üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türkiýe döwletine ýeňillikli wiza düzgüni ýatyrylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Merkezi Aziýa–Azerbaýjan altytaraplaýyn formaty hyzmatdaşlyga täze itergi berer

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri