JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumy açyldy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan dabaralaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat
şäheriniň häkiminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtly ilçileriň, atşynaslaryň, myhmanlaryň halk köpçüligi gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň ahalteke atçylyk toplumynyň baş girelgesinde iki sany atly ýigidiň çykyşyna hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Soňra ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesip, toplumyň çäginde gurlan atly ýigidiň binasyny synlady. Hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumynyň çägindäki ýapyk maneže baryp gördi we ol ýerde görkezme atly sport, konkur çykyşlaryna tomaşa etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz atlary saklamak üçin niýetlenen döwrebap athana baryp, atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gurbanguly Berdimuhamedow dabara badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň Arkahan atly ajaýyp ahalteke bedewine atlanyp münberiň öňündäki meýdança gelip, dabara badalga berdi.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşigi, ussat çapyksuwarlarynyň
arasynda gadymdan gelýän milli däpdessurlarymyza eýerip, toý çapyşygy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çapuw ýodasyndaky görkezme çykyşlary, şeýle hem münberiň öňündäki
otly meýdançada pälwan ýigitleriň türkmeniň milli göreşi boýunça bäsleşigi geçirildi.

Mundan başga-da, çapuw ýodasynyň ugrunda milli oýunlarymyz bilen halkymyzyň milli toý däp-dessurlarynyň
dürli görnüşleriniň görkezildi hem-de ýaşlaryň durmuş toýy tutuldy.

Hormatly Prezidentimiziň meýdançada toý tutýan ýaşlary we ýeňijileri gutlady, ýaşlara Şa serpaýyny gowşuryp, olara täze döwrebap öýüň açaryny gowşurdy.  Öýlenýän ýigidiň ejesi Şa serpaýy üçin hoşallyk bildirip, ýadygärlik surata düşmegini hormatly Prezidentimizden hormat bilen haýyş etdi we döwlet Baştutanymyz öýlenýän ýigidiň maşgala agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra öýlenýän ýigidiň öz gelinligi bilen bedew atyna atlanyp, gelniň ýüzüni görkezdi.

Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasy tarapyndan durky düýbünden täzelenen Türkmenistanyň Prezidentiniň atçylyk toplumy dolandyryş binasy, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak üçin niýetlenen seleksiýa binasy, ot-iýmleri saklamak üçin niýetlenen döwrebap ammar, täze, döwrebap athanalar, ahalteke bedewlerimizi iýmitlendirmek üçin ekilen alma baglaryny we käşir ekinini  ýetişdirýän meýdanlary öz içine alýar.

Dolandyryş binasynda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylan kompýuterlerde (monitorda) atlaryň saklanyşyny, iýmitlenişini, aýak üstünde näçe wagt durandygyny we ukudaky wagtyny ölçeýän tehnologiýalar bilen sanly ulgam gözegçilik etmek mümkinçiligi döredilipdir.

Toplumyň çapuw ýodasyna türkmen sährasynyň çägesiniň düşelendigi, onuň ýörite garyndylar bilen utgaşygynyň at toýnaklary üçin ýakymlydygy häzirki zaman atçylyk ylmy esasynda ykrar edildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Enerji Şartı Konferansı Forumu Aşkabat’ta Başladı

vepa

Aşgabatda «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri