JEMGYÝET

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynda 3 gün dynç alnar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda 3 gün dynç güni yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çekjek resminamasyna görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni 27-28-29-njy sentýabr günleri iş güni däl diýlip yglan ediler.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  hormatly Prezidentimiz ýene-de sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden belleniljkdigini belläp, gol çekjek Permanyna laýyklykda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 27-28-29-njy sentýabr günleri iş güni däl diýlip yglan ediljekdigini mälim etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ýaponiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri