JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyry 2027-nji ýylda açylar

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2027-nji ýylda açylar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Milli Liderimiz Köpetdagyö eteginde ýerleşýän Arkadga şäheri ýurdumyzyň amala aşyrýan beýik üstünliklerini beýan edýän iri şähergrluşyk taslamasydygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäherinde Gün elektrik stansiýasy synag taslamasy amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde giňden ulanarys.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda azyk, senagat, derman we lukmançylyk önümlerini öndürmek üçin kärhanalar gurulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakalaryna öwrüler. Bu toýa häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydyr – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Related posts

Okuw tölegini geçirmek boýunça ýeňillik

vepa

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsi geçildi

Ata Watan Eserleri