BILIM

Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetine sapary

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17–27-nji awgusty aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Kent döwlet uniwersitetine resmi saparyny amala aşyrýar. Saparyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary bilimiň halkara derejesini ýokarlandyrmak we institusional ösüş boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde HYYÖU-niň wekilleri ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn diplom maksatnamalary, okuw maksatnamalarynyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynda hil üpjünçiligi, akkreditasiýa, täze akademiki maksatnamalary işläp taýýarlamak we häzirki zaman okatmagyň usullary boýunça pikir alyşýarlar.

Saparyň möhüm ugurlarynyň biri ýokary bilimiň hilini üpjün etmek we akkreditasiýa meselelerine bagyşlanýar. Amaly okuwlaryň we hünärmenler bilen geçirilen işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda HYYÖU-niň wekilleri HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary, bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, baha beriş usullary we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler. Şeýle hem HYYÖU-nde hil üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek we täze akademiki maksatnamalary taýýarlamak boýunça anyk hereketleriň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Saparyň dowamynda halkara talyplary kabul etmek we olara goldaw bermek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi we halkara talyplar üçin hyzmatlar boýunça tejribe alyşylýar. Wekiliýet uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy çeşmeler, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary hem-de talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler bilen tanyşýar.

Şeýle hem HYYÖU-niň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetiniň Hormat we Global bilim hem-de hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirýär. Saparyň çäklerinde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlaryna, DI Hub merkezine, Talyplar merkezine we beýleki desgalaryna aýlanyp görmek arkaly ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebiniň akademiki we talyp durmuşynyň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilýär.

Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk hem orun aldy. Medeni we jemgyýetçilik çäreleri bolsa iki ýurduň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär.

Related posts

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

Germaniýada hünäriňi ýokarlandyrmak üçin okuw

Gysga möhletli okuwa çagyrýar