Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň noýabr aýynda Astanada geçiriljek emeli aň mowzukly mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Gazak Lideri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belläp geçdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara saparlaryň ähmiýetini belläp, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hlakara forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi.
Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň Prezidentleriniň Türkmenistanda we Gazagystanda geçirilýän halkara forumlara yzygiderli gatnaşýandyklaryny belläp, şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek emeli aň ulgamynda howpsuzlyk mowzugy boýunça geçiriljek mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny belledi.
