Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün işleriňizi öňünden meýilleşdirmek size wagt tygşytlamaga kömek eder. Täze başlangyç bilen bagly pikirleriňiz has aýdyňlaşyp biler. Kärdeşleriňiz bilen gepleşiklerde öz garaýşyňyzy ynamly beýan ediň. Maliýe meselelerinde howlukmaç çözgüt kabul etmezlik peýdalydyr. Şahsy gatnaşyklarda açyk söhbet düşünişmezlikleriň öňüni alyp biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar üçin bu gün sabyrlylyk  esasy goldawlaryň birine öwrüler. Gündelik işleriň arasynda öňden bäri garaşdyran meseläňizi çözmäge mümkinçilik tapyp bilersiňiz. Işjeňligiňizi bir ugra gönükdirmek netijäňizi has ýokary eder. Uly çykdajylary meýilleşdirmezden öň ýagdaýy birnäçe tarapdan seljeriň. Ýakyn adamyňyzyň maslahaty size garaşylmadyk ýagdaýda peýdaly bolup biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün täze habar ýa-da teklip meýilnamalaryňyza täsir edip biler. Aragatnaşykda bolmak size zerur maglumatlary çalt almaga şert döreder. Iş ýeriňizde birnäçe meseläni bir wagtda çözmäge synanyşmakdan saklanyň. Ünsüňizi esasy maksada gönükdirmek has netijeli bolar. Agşam dynç almaga wagt aýyrmak ruhy taýdan ýeňillik getirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün maşgala bilen bagly meseleleriňizi  ileri tutulyp bilersiňiz. Öýüňizde ýakymly ýagdaý döretmek üçin kiçijik üýtgeşmeleriň özi ýeterlik bolar. Şeýle hem işde ýüze çykýan ownuk päsgelçilikleri ulaltmazdan çözmäge çalşyň. Maliýe babatda tygşytly hereket etmek geljekki meýilnamalaryňyza oňyn täsir eder. Ýakyn adamyňyz bilen ýürekden gürleşmek aradaky ynamy güýçlendirip biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün size öz mümkinçilikleriňizi görkezmäge amatly şertleri döredip biler. Ýolbaşçylyk häsiýetiňiz işjeň ýagdaýda ýüze çykar. Täze teklip bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, onuň geljekki peýdasyna üns beriň. Şeýle hem özüňize artykmaç borç ýüklemekden gaça durmak zerurdyr. Şahsy durmuşda hoş habar garaşylmadyk wagtda gelip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün jikme-jikliklere üns bermek möhüm bolar. Resminamalar ýa-da iş bilen bagly maglumatlar bilen işleşeniňizde ýalňyşlyk goýbermezlige çalşyň. Uzak wagt bäri yza süýşürilen bir işi tamamlamak size rahatlyk getirer. Gerekmejek çykdajylardan saklanmak maliýe ýagdaýyňyzy durnukly saklamaga ýardam eder. Günortadan soň meýilnamalaryňyza täzeden göz aýlamak peýdaly bolup biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamak esasy meseleleriň biri bolar. Jedelli ýagdaýlarda duýga däl-de, anyk delillere daýanmak dogry çözgüde alyp barar. Işdeşleriň arasynda siziň pikiriňize aýratyn üns berlip bilner. Maliýe boýunça täze mümkinçilik ýüze çyksa, şertlerini jikme-jik öwreniň. Agşam ýakynlaryňyz bilen hoş wagt geçirmek keýpiňizi ýokarlandyrar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün öňüňizde duran möhüm meseläniň çözgüdini tapmak mümkin bolar. Pikirleriňizi dogry wagtda paýlaşmak size  uly artykmaçlyklary berer.Emma  işde käbir adamlaryň garaýşyna aşa bagly bolmazdan, öz meýilnamaňyza eýermek ýerliklidir. Maliýe meselesinde duýdansyz karar bermekden saklanyň. Şahsy gatnaşyklarda ynam we wepalylyk esasy orun eýelär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün täze pikirler we täze ugurlar sizi gyzyklandyryp biler. Öňden meýilleşdirilmedik duşuşyk möhüm maglumatlaryň döremegine sebäp bolup biler. Işde döredijilikli çemeleşmäňiz gowy netijeleri berer. Şeýle hem bu wagt uzak möhletli maksatlaryňyzy ýene bir gezek gözden geçirmek üçin amatly pursatdyr. Ýakyn adamyňyz bilen bilelikde geçirilen wagt size ruhy güýç berer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün jogapkärçilikli meseleleriň sany artmagy mümkin. Her bir işi öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek zerurdyr. Işde gazanan öňki tejribäňiz täze ýagdaýda peýdaly bolup biler. Maliýe taýdan durnuklylyk üçin meýilleşdirilen çäklerden çykmazlyk maslahat berilýär. Öýde rahat we asuda ýagdaý döretmek size günüň ýadawlygyny aýyrmaga kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Täze mümkinçilikler barada pikirlenmek üçin amatly gün bolup biler. Garaşylmadyk habar geljekki meýilnamaňyza üýtgeşme girizip biler. Kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlykda özara düşünişmek möhüm ähmiýete eýe bolar. Bir karary diňe tiz netije almak üçin kabul etmäň. Şahsy durmuşda hoşniýetli söz ýa-da ýönekeý üns gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün duýgurlygyňyz güýçli bolup, adamlaryň garaýşyny çalt duýup bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, başgalaryň pikirini öz garaýşyňyz bilen garyşdyrmazlyk möhümdir. Işde ünsüňizi bir meselä jemlemek garaşylýan netijäňizi  çaltlaşdyrar. Maliýe meselelerinde täze başlangyçdan öň zerur hasaplamalary geçiriň. Agşam wagtyňyzy özüňize ýakymly we rahat şertlerde geçirmek peýdaly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!