Argentinanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärjek finalynda goşmaça wagtda Şweýsariýanyň toparyny 3:1 hasabynda ýendi. Duşuşyk Kanzas-Sitide (Missuri ştaty, ABŞ) geçirildi.
Gollary Aleksis Mak Allister (10-njy minut), Hulian Alwares (112) we Lautaro Martines (120+1) girizdi. Utulan topardan Dan Ndoýe (67) tapawutlandy.
72-nji minutda wideogözegçilik ulgamynyň (VAR) goşulmagyndan soň, şweýsariýaly hüjümçi Bril Embolo simulýasiýa edendigi (özüni ýykylan ýaly görkezendigi) üçin ikinji sary kart alyp, meýdançadan çykaryldy.
Baş emin ilki başda argentinaly ýarym goragçy Leandro Paredese sary kart görkezipdi, ýöne VAR-yň duýdurmagyndan soň kararyny üýtgetdi.
Argentinanyň ýygyndysy ýarym finalda Angliýanyň ýygyndysy bilen oýnar. Duşuşyk 15-nji iyulda bolar.
Angliýanyň ýygyndysy bolsa, çärýek finalda Erling Holandly Norwegiýany 2:1 hasabynda utdy.
