SPORT

Messiniň taryhy rekordy

Argentina milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Awstriýany ýeňdi.

Duşuşyk “J” toparçasynda geçirildi we häzirki dünýä çempionlarynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň baş gahrymany argentinalylaryň kapitany Lionel Messi boldy. Ol eýýäm 9-njy minutda Lautaro Martinese garşy edilen düzgün bozulmasyndan soň bellenen penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi. Şeýle-de bolsa, 38-nji minutda hüjümçi hasaby açdy, ikinji ýaryma goşulan wagtda bolsa ýene bir gol geçirip, dubl etdi we oýnuň ahyrky netijesini kesgitledi. Messi dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 17-nji we 18-nji gollaryny, bu çempionatda olsa, 2 duşuşykda 5 gol geçirdi.

Messiniň ilkinji goly onuň Dünýä çempionatlaryndaky 17-nji goly boldy. Şeýlelikde, ol germaniýaly hüjümçi Miroslaw Klozeniň (16 gol) rekordyny geçip, Dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy.

Iki tapgyrdan soň Argentina milli ýygyndysy 6 utuk toplap, J toparynda öňdeligi möhletinden öň üpjün etdi. Awstriýanyň hasabynda bolsa 3 utuk galdy.

Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda Argentina Iordaniýa bilen, Awstriýa bolsa Alžir bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy