SPORT

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Türkiýäniň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini möhletinden öň ýitirdi.

Iki tapgyrdan soň türkiýeliler bir utuk hem alyp bilmediler. Ilkinji oýunda olar Awstraliýadan utuldylar (0:2), ikinji tapgyrda bolsa Paragwaýa utuldylar (0:1), muňa garamazdan olar ikinji ýarymyň diýen ýaly bütin dowamynda san taýdan artykmaçlykda oýnadylar.

Şunlukda, “D” toparynyň ahyrky oýnunda ýeňiş gazanan ýagdaýynda hem, Türkiýe goşmaça görkezijiler sebäpli bäsdeşlerinden öňe saýlanyp bilmeýär. Utuklar deň bolan ýagdaýynda, Türkiýäniň ýygyndysy özara oýunlaryň netijeleri boýunça Awstraliýadan hem, Paragwaýdan hem yza galar.

Türkiýe toparçalaýyn tapgyryň eýýäm ikinji aýlawyndan soň dünýä çempionaty bilen hoşlaşýan ilkinji milli ýygyndylarynyň biri boldy.

Related posts

Ertir dünýä çempionaty badalga alýar

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

77 ýyldan soňra Belgiýadan çempion çykdy

Ata Watan Eserleri