DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Germaniýa täze bilelikdäki taslamalara badalga berdiler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Daşkentde geçirilen gepleşikleriň netijesinde bilelikdäki beýannama kabul etdiler. Olar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Saparyň çäklerinde taraplaryň arasynda gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi. Özbegistanda durnukly şäher ösüşi taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin grant serişdelerini we ýeňillikli maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýan maliýe hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

Iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda birnäçe täze maýa goýum we bilim başlangyçlaryna badalga berildi. Olaryň arasynda senagat, logistika we hünärmenleri taýýarlamak ugurlaryndaky taslamalar bar.

Esasy ugurlaryň hatarynda Daşkentde “Volkswagen” awtoulaglarynyň iri gurnama önümçiligini ýola goýmak, Andijan welaýatynda logistika merkezini döretmek, suwuk öý-hojalyk ýuwujy serişdeleriniň önümçiligini başlatmak, demir ýol pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmek we döwrebap synag merkezlerini açmak göz öňünde tutulýar.

Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, infrastruktura ösüşine, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de özbek-german hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Related posts

Türkmenistan ABŞ-nyň işewürlik tekliplerine seretmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Parlamentara forumy suratlarda

Ata Watan Eserleri

Pariždäki “Disneyland” kem-kemden açylar

Ata Watan Eserleri