DÜNÝÄ

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Gazagystanyň we Russiýanyň Ulag ministrlikleri bilen “KAMAZ” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda ýük awtoulaglarynyň sürüjisiz gatnawyny şowly amala aşyrdylar. Bu tasmala Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Ýük awtoulaglary Gazagystan-Russiýa serhedini “Žana Žol” gözegçilik-geçiriş nokadyndan bir wagtda kesip geçdiler we öz barmaly ýerlerine tarap hereketlerini dowam etdirdiler.

Dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýük awtoulaglary şeýle görnüşde takmynan üç müň kilometrlik aralygy söküp geçdiler, munuň netijesinde ýoldaky wagt iki esseden hem köp gysgaldyldy. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy saýasynda bu ugur 2 gije-gündiziň içinde geçildi.

Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, taraplar taslamanyň gerimini giňeltmek üçin bilelikdäki institutonal binýady we zerur bolan düzüm binalaryny (infrastrukturany) kemala getirmek boýunça işleri dowam etdirerler.

Related posts

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi