Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-özbek parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 18-nji maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy ýurduň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyrdy.
Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakdaky orny, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti hakynda aýtdylar.
Türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň, demografiýa meseleleri boýunça geçiriljek çäreleriň ähmiýeti barada hem belläp geçdi.
Türkmen we özbek parlamentarileri gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
