Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni Azerbaýjan Respublikasynda 1 günlük resmi saparda boldy. Bu sapar 2013-nji ýyldan soňra Italiýanyň hökümet baştutany derejesinde amala aşyran sapar hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Saparyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň bellemegine görä, biziň ýurtlarymyz strategik hyzmatdaşlardyr – 2014-nji we 2020-nji ýyllarda strategik hyzmatdaşlyk hakynda iki sany jarnama gol çekildi. Gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýän bu iki resminama we olarda berkidilen meseleler şu günki günde öz beýanyny tapýar.

Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem örän gowudyr. Italiýa Azerbaýjanyň birinji derejeli söwda hyzmatdaşydyr. Geçen ýyl haryt dolanyşygy takmynan 12 milliard dollara deň boldy. Gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri energetika pudagyndaky hyzmatdaşlykdyr.
Geçen ýyl Azerbaýjan 25 milliard kubometr tebigy gaz eksport etdi, şolaryň 9,5 milliardy Italiýanyň bazaryna ugradyldy.

Azerbaýjanyň Döwlet nebit gaznasy soňky birnäçe ýylyň dowamynda Italiýanyň ykdysadyýetine 3 milliard dollara golaý maýa goýdy. Häzirki wagtda Azerbaýjanda 130-a golaý italýan kompaniýasy işleýär. Geçen ýyl Bakuda italýan-azerbaýjan uniwersiteti dabaraly ýagdaýda açyldy.
“Ýurtlarymyzyň arasyndaky häzirki gatnaşyklara gelsek, bu syýasy taýdan meniň üçin örän ähmiýetlidir. Sebäbi Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana amala aşyran resmi saparyndan bäri 13 ýyl geçdi. Biz Azerbaýjanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky köpri hökmünde öz ornuny berkitmegini isleýäris. Italiýa şu nukdaýnazardan Ýewropa bazaryna açylýan aýratyn derweze bolmaga elmydama taýýardyr.” – diýip, Italiýanyň Premýer-ministri belledi.
