SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda köp umumylyk bar — hem medeniýet, hem taryh taýdan. Şuşa şäheriniň gözelligi bizi haýrana goýdy. Men bu ýerde ilkinji gezek we Bakudan gelýän ýolugrumyzda tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamakdan mahrum galmazlyk üçin tagalla etdim. Hakykatdan hem şeýle boldy: bugdaý meýdanlary, tokaýlar, beýik daglar we Şuşanyň özi meni örän haýrana goýdy. Şuşa şäheri baradaky wideoýazgylary görenimizden soň bolsa, bu ýere gelmek bilen gowy iş edendigimize ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu ýer — Azerbaýjanyň kökleri, bu ýer — onuň taryhy.

Bu barada “AZERTAG” habarlar gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa belläp geçdi. Ol Şuşada geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk meseleleri boýunça ýokary derejeli bilermenler toparynyň dokuzynjy mejlisine gatnaşýar.

“Bizi Azerbaýjanyň halky örän myhmansöýerlik bilen garşy aldy. Elbetde, bu ýerde ähli zat ýokary derejede guralypdyr. Syýahatçylyk we myhmansöýerlik taýdan biz azerbaýjanlylardan öwrenmeli zatlarymyzyň bardygyny bellemek isleýärin. Hawa, türkmenler hem myhmansöýer halk, biz gadymdan şeýle tanalýarys. Emma her halkyň özboluşly aýratynlygy bolýar, şolary hemişe ýatda saklamak isleýärsiň. Men özümi bagtly adam hasaplaýaryn, sebäbi bu ýere gelip,  bu gözelligi gördüm,” diýip G. Bakyýewa aýtdy.

Ol häzirki mejlisiň öz netijelerini berjekdigine ynam bildirdi. “Şuşa şäherini we ähli azerbaýjan halkyny bu şäheriň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty bolmagy bilen gutlaýaryn. Bu örän ýokary dereje,” diýip, ol sözüni jemledi.

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri