BILIM

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda netijeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm binýat bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň bilim ministri çykyşynda iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň berk hukuk binýadyna esaslanýandygyny belläp, baglaşylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda anyk netijeler bilen baýlaşýandygyny aýtdy. Soňky ýyllarda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň sanynyň ýokarydygy bellenilip, olaryň daşary ýurtly talyplaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Taraplar sanly bilim ulgamy, bilim edaralarynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan Kazan Digital Week ýaly halkara çärelerine işjeň gatnaşylýandygy, bu ugurda Tatarystanyň öňdebaryjy tejribesiniň nusga hökmünde öwrenilýändigi aýratyn bellenildi.

Pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hem netijeli işleriň alnyp barylýandygy nygtalyp, bu babatda 2023–2025-nji ýyllar aralygynda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan Türkmenistanda geçirilen okuwlara hyzmatdaşlygyň anyk miwesi hökmünde baha berildi.

Ýaşlar syýasaty we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde agzalyp geçildi. Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň Tatarystanda geçirilýän halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýändigi, şeýle-de iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy bellenildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş eden tatarystanly okuwçylara “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaklary üçin döredilen şertler hem bu gatnaşyklaryň aýdyň mysaly boldy.

Duşuşygyň dowamynda professor-mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek, bilelikdäki ylmy-barlaglara ýardam bermek, sanly bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar