DÜNÝÄ

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça itergi berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar birnäçe sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Babasary Annamyradow Özbegistanda halkara baýraga mynasyp boldy

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG-niň elektron ýol kitapçalary protokolyna goşular