2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen söwda dolanyşygy takmynan 2,1 milliard dollar möçberinde boldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen ilkinji “Türkmenistan-ÝB” işewürlik forumynda çykyş eden maliýe we ykdysadyýet ministri Mammetguly Astanagulow mälim etdi.
«Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy döwletimiziň daşary ykdysady strategiýasynda möhüm orun tutýar. Ýewropa Bileleşigi we oňa agza ýurtlar biziň strategik hyzmatdaşlarymyzdyr» diýip, ol belledi.
Astanagulow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň tas ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýandygyny we söwda, energetika, ulag, ekologiýa hem-de ykdysady ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydygyny nygtady. Ministr ÝB-niň bazarlaryna iberilýän türkmen harytlarynyň görnüşleriniň köpelmegini oňyn görkeziji hökmünde häsiýetlendirdi.
