DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Taýýarlyk edarasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu edara 2026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde birinji sammite taýýarlyk işlerini utgaşdyrar.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary hem gatnaşdy.

Dabarany Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon açdy. Ol öz çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň birinji sammitiniň örän ähmiýetli syýasy we diplomatik waka boljakdygyny, onuň ýurtlaryň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Koreýa tarapynyň bu ýokary derejeli foruma berýän ähmiýetine ünsi çekip, ministr Koreýa Respublikasynyň hökümetiniň sammite guramaçylyk we protokol taýdan düýpli taýýarlygy üpjün etmek üçin ýörite Taýýarlyk edarasyny döredendigini belledi.

Mundan başga-da, ministr Ço Koreýanyň hökümeti bilen gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasyndaky ýakyn özara gatnaşygyň bu birinji sammitiň üstünliginiň girewidigini aýtdy. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleri we Koreýadaky ilçihanalary tarapyndan işjeň hyzmatdaşlyga garaşýandygyny bildirdi.

Dabara gatnaşan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri sammitiň taýýarlygy boýunça edýän tagallalary üçin Koreýanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdiler we çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri