Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Irden manysyz gürrüňler we öý işleri sizi birneme gaharlap biler, sebäbi olar garaşylyşyndan has köp wagtyňyzy alyp biler. Ýakynlaryňyz adatdakysyndan has köp haýyş bilen ýüz tutup bilerler we siz olara ýüz öwürmek islemersiňiz. Emma başgalara alada edip, öz meýilnamalaryňyzy we bähbitleriňizi ýatdan çykarmak howpy bar. Günüň ikinji ýarymynda oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlener. Özüňizi has ruhubelent duýarsyňyz, keýpiňiz gowulaşar. Käbir Hamallary uzak wagt bäri habarlaşmadyk adamlaryndan gelen habar begendirer, beýlekiler döredijilik ýa-da iş bilen bagly gowy täzelikleri eşiderler. Şeýle hem geljegi uly we gyzykly teklipleriň berilmegi mümkin, siz bolsa onuň size laýyk mümkinçilikdigini dessine duýarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gün ownuk kynçylyklar we düşünişmezlikler bilen başlanyp biler. Öý bilen bagly ownuk meseleler, öýdäkiler bilen jedeller ýa-da meýilnamalaryň garaşylmadyk ýagdaýda üýtgemegi bolup biler. Ýakynlaryňyzyň biri keýpsiz bolup biler, siz bolsa ýagdaýy ýumşatmak üçin sabyr görkezmeli bolarsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda köp meseleleriňizi çözmek başardar we siz hakykatdanam ýakyn görýän adamlaryňyz bilen wagt geçirip bilersiňiz. Bu asuda pursatlar ýanyňyzda özüňiz ýaly bolup bilýän adamlaryň bolmagynyň nähili möhüm digini ýatladar. Günüň dowamynda güýç we energiýaňyz ýeterlik bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün ähli zat meýilleşdirilişi ýaly bolmazlygy mümkin. Öý işleri garaşylandan köp wagt alar, gündelik tertip ýygy-ýygydan bozulyp biler, käbir ownuk meseleler bolsa birbada çözülmek islemän biler. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýlar sizi aljyraňňylyga salmaz. Başgalar kynçylykdan ýüz öwürjek ýerinde siz garaşylmadyk we täsin çözgüt taparsyňyz, hatda käbir meseleleri öz peýdaňyza öwrüp bilersiňiz. Dostlaryňyz we tanyşlaryňyz ýüz tutsaňyz, höwes bilen kömek ederler. Belki-de öň siz kömek eden adamlaryňyz hem size goldaw berer. Olar munuň üçin şatlyk bilen jogap gaýtaryp bilerler. Şonuň üçin kömegi kabul etmekden çekinmäň ol ýürekden hödürlener.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Irden güýç-kuwwatyň artandygyny we hereket etmek isleýändigiňizi duýarsyňyz. Şeýle ýagdaýy peýdaly ugra gönükdirmek dogry bolar. Eger öňden bäri goýup gelýän hojalyk ýa-da guramaçylyk meseleleriňiz bar bolsa, indi olaryň üstünde işlemäge amatly wagt. Resminamalary tertiplemek, degişli ýerler bilen jaňlaşmak, kagyzlary gözden geçirmek ýa-da tölegleri geçirmek ýaly işler irden ýeňil ýerine ýetirilýär. Birnäçe sagadyň dowamynda başga gün bütin gün edip bilmejek işleriňizi hem ýerine ýetirip bilersiňiz. Çylşyrymly işleri hem yza goýmaň günortadan öň olaryň köpüsi ilkinji synanyşykda başardar.Günüň ikinji ýarymynda keýpiňiz birneme üýtgäp biler. Ünsüňiz dargap, bir zada jemlenmek kynlaşyp biler. Şeýle ýagdaý bilen göreşmegiň ýerine biraz dynç almak has gowy bolar. Bu wagt rahat gezelençler, döredijilik işleri ýa-da diňe asuda ýerde dynç almak üçin örän amatlydyr. Agşam bolsa maşgalaňyz ýa-da söýýän adamyňyz bilen ýyly we asuda ýagdaýda wagt geçirip bilersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Irden özüňizde güýç-kuwwatyň artandygyny we peýdaly işler bilen meşgullanasynyň gelýändigini duýarsyňyz. Hatda mesele näçe çylşyrymly bolsa-da, şonça-da höwes bilen onuň üstünden bararsyňyz. Uly arassalaýyş, mebelleriň ýerini üýtgetmek, ownuk abatlaýyş işleri ýa-da öýdäki zatlary tertiplemek ýaly işleri öňden goýup gelýän bolsaňyz, bu gün olary ýeňil we lezzet bilen ýerine ýetirersiňiz. Işiň ulylygy sizi gorkuzmaz, tersine, höweslendirer. Şeýle hem bu gün täze zatlary öwrenmek üçin hem amatlydyr. Tanyşlaryňyzdan biri öz tejribesini paýlaşmaga taýýar bolsa, bu mümkinçilikden peýdalanyň. Siz aýdylan zatlary çalt kabul edip bilersiňiz. Şeýle hem täze we peýdaly tanyşlyklaryň bolmagy ähtimal. Siz dürli adamlar bilen aňsat düşünişip bilersiňiz, köpüsi siziň pikiriňize gulak asar. Dostlar bilen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak ýa-da goňşular bilen öý meselelerini çözmek ýaly gürrüňler üstünlikli tamamlanar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Gyssagly karar kabul etmek ýa-da ýagdaýy doly öwrenmän bir zada razy bolmak maslahat berilmeýär. Gün ýeňil bolmaz, ýöne akylly-başly hereket edip, howlukmasaňyz ähli zat üstünlikli bolar.Ýekşenbe güni garaşylmadyk iş teklibiniň gelmegi ýa-da täze girdeji çeşmesi bilen bagly pikirleriň döremegi mümkin. Şeýle pikirleri ünsden düşürmäň, emma dessine amala aşyrmaga hem howlukmaň. Mümkin boldugyça köp maglumat ýygnap, ýagdaýy asuda ýagdaýda seljeriň we ynanýan adamlaryňyz bilen maslahatlaşyň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün sizde güýç we işlemek islegi has köp bolar. Hakykatdan gyzykly bolan işleriňize baş goşuň siz şeýle meseleleri aýratyn üstünlik bilen ýerine ýetirersiňiz.Günüň ikinji ýarymy bolsa aragatnaşyk üçin örän amatly bolar. Uzak wagt bäri görmedik garyndaşlaryňyza baryp görüň, köne dostlaryňyza jaň ediň ýa-da keýpiňizi göterýän adamlar bilen duşuşyk guraň. Ýanyňyzda özüňizi rahat duýýan adamlaryňyz bolsun. Şeýle gürrüňler diňe şatlyk getirmän, ýakyn günlerde gerek boljak täze güýç hem berer.Eger söýýän adamyňyz ýanyňyzda bolsa, onuň bilen mümkin boldugyça köp wagt geçiriň. Bilelikdäki gezelenç, bir käse çaý başyndaky asuda gürrüň ýa-da gündelik işleri bile ýerine ýetirmek hem gatnaşygyňyzy güýçlendirer.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Irden adatdakydan has seresap we ünsli bolmak maslahat berilýär. Kimdir biri sizden haýyş etse ýa-da teklip bilen ýüz tutsa, onuň ynama mynasypdygyna göz ýetirmän, dessine razy bolmaň. Gowy sözleriň ýa-da özüne çekiji pikirleriň täsirine düşmek howpy bar. Şonuň üçin diňe ynamdar adamlara bil baglaň, täze tanyşlyklary we ylalaşyklary başga wagta goýuň.Birnäçe sagatdan soň ýagdaý gowulyga tarap üýtgär. Siz öz güýjüňize ynam duýup, hereket etmek isläp başlarsyňyz. Günüň ikinji ýarymy öý işlerini ýerine ýetirmek, täze zatlary synap görmek ýa-da dürli tejribeler geçirmek üçin örän amatly bolar. Agşam romantik duşuşyk ýa-da söýýän adamyňyz bilen ýyly duşuşyk üçin amatly bolar. Ýalňyz Akraplar hem ýyldyzlaryň goldawyna bil baglap bilerle garaşylmadyk we gyzykly tanyşlyklaryň bolmagy ähtimal. Şeýle duşuşyklary äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň käbiri hakykatdan hem möhüm we ýakymly gatnaşyklaryň başlangyjy bolup biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Irki sagatlar örän üstünlikli bolar. Siz özüňizi gowy duýarsyňyz, pikirleriňiz tertibe geler we bir hepde bäri çözgüdini tapyp bilmän pikir edýän meseleleriňiz ahyrsoňy çözülip biler. Bu ýagdaý örän ýeňil we çalt, hatda birnäçe sagadyň dowamynda bolup geçer. Öň çynlakaý ýaly görünýän päsgelçilikler hem birden ýok bolup giden ýaly bolar. Günüň ikinji ýarymynda ýaakynlaryňyz bilen wagt geçiriň, uzak wagt bäri görmedik adamlaryňyz bilen gürrüňdeş boluň ýa-da diňe özüňize ýakymly bolan işler bilen meşgullanyň. Käwagt aýratyn peýdasy görünmeýän şeýle işler iň köp şatlyk getirýär we hakykatdan dynç almaga kömek edýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Irden başlap pikirleriňiziň aýdyňlaşandygyny we zatlara täzeçe garaýandygyňyzy duýarsyňyz. Adaty günlerde çylşyrymly we çözülmesi kyn ýaly görünýän meseleler bu gün size düýbünden başgaça görünip biler.
Daş-töweregiňizdäki adamlar bilen örän gowy düşünişersiňiz. Bilelikdäki işleri meýilleşdirmek, jogapkärçilikleri paýlaşmak ýa-da umumy maksatlar barada ylalaşmak hiç hili kynçylyksyz başardar. Eger siz öňden bäri garyndaşlaryňyzy bir saçagyň başyna jemlemek ýa-da uzak wagt bäri görmedik adamlaryňyza baryp görmek isleýän bolsaňyz, bu gün munuň üçin örän amatlydyr.Sizi aýratyn begendirjek zat ýakyn adamlaryňyzyň keýpini we isleglerini örän duýgurlyk bilen duýup bilmegiňizdir. Siz olaryň aýdyp bilmedik isleglerini hem aňyp bilersiňiz. Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, söýýän adamlaryňyz üçin ýakymly sowgat ýa-da garaşylmadyk hoşluk taýýarlaň.Günüň dowamynda güýç-kuwwatyňyz ýeterlik bolar, keýpiňiz hem irden agşama çenli gowy ýagdaýda galar. Gün oňyn ýagdaýda tamamlanar, täze iş hepdesi baradaky pikirler bolsa sizi ruhlandyrar.
Daluw (gowa 21.01 — 20.02)
Bu gün irden turup dessine işe girişmäge howlukmaň. Günüňizi asuda we rahat ýagdaýda başlaň. Ýakynlaryňyz bilen bagly gowy habar almagyňyz mümkin. Bu uzak wagt bäri garaşan habaryňyz ýa-da maşgala durmuşyndaky ýakymly üýtgeşme bolup biler.Günüň ikinji ýarymynda siz has işjeň hereket etmäge taýyndygyňyzy duýarsyňyz. Eger sizi alada edýän çözülmedik mesele bar bolsa, indi onuň üstünde işläp bilersiňiz. Ähli zat garaşylandan has ýeňil geçer we netijä bagly bolan adamlar bilen aňsat ylalaşarsyňyz. Şeýle hem garaşylmadyk pul girdejileri bolup biler. Bu bolsa örän ýerlikli wagtda peýda bolar. Ýakyn wagtda öňden arzuw eden zadyňyzy satyn almak mümkinçiligi ýüze çykyp biler.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz hem sazlaşykly bolar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Işleri yza goýmaň: eger irden başlap hereket etseňiz, bu gün örän netijeli bolar. Günüň ilkinji ýarymy sizi güýç we kararlylyk bilen doldurar. Şonuň üçin bu wagty biderek geçirmezlik maslahat berilýär. Uzak wagt bäri ünsüňizi talap edýän işleri ýerine ýetirmäge girişiň.Irden ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlaryň bolmagy hem mümkin. Kimdir biri size gyzykly teklip edip biler, meselem bilelikde bir işe gatnaşmagy teklip edip biler ýa-da sizi hakykatdan gyzyklandyrjak täze pikir hödürläp biler. Şeýle mümkinçiliklere çynlakaý çemeleşiň, sebäbi hut şu gün geljekde täze mümkinçilikleri açyp biljek hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup biler.Günüň ikinji ýarymynda bolsa birneme dynç almak maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
