DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Patyşalyga saparynyň meýilnamasynyň aýratyn bölümi London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşyk boldy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Timoti Wilýamsyň Türkmenistanyň arheologik mirasyny, hususan-da, gadymy Merwi öwrenmekde we aýawly saklamakda köp ýyllyk goşandyny belledi. Bilelikdäki ylmy barlaglaryň hem-de muzeý-sergi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki ekspedisiýalary geçirmäge, ylmy barlaglary ösdürmäge we hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Ylalaşyga gol çekildi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar