DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Patyşalyga saparynyň meýilnamasynyň aýratyn bölümi London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşyk boldy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Timoti Wilýamsyň Türkmenistanyň arheologik mirasyny, hususan-da, gadymy Merwi öwrenmekde we aýawly saklamakda köp ýyllyk goşandyny belledi. Bilelikdäki ylmy barlaglaryň hem-de muzeý-sergi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki ekspedisiýalary geçirmäge, ylmy barlaglary ösdürmäge we hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Ylalaşyga gol çekildi.

Related posts

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

Ticaret Bakanı Pekcan Aşkabat’ta Fuar açılışını yapacak

vepa

Türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi